Dark
Light
13.05.2026
astana 26 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Prezidenti Astana geldi

21.04.2026

Şu gün – 21-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki günlük iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna geldi. Saparyň maksady dostlukly ýurduň paýtagtynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmakdan ybaratdyr.

Ýokary derejeli saparlar mynasybetli Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde sammitlere gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystanyň resmi wekilleri we türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Öňde boljak sammitleriň dowamynda Merkezi Aziýada durnukly ösüşi gazanmak maksady bilen, sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm meseleleri, şeýle-de sebitde ekologiýa, howa, suw bilen bagly soraglary çözmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşylar. Türkmenistanyň Prezidenti hem sammitlerde çykyş edip, bu meseleler babatda ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan eder we dostlukly döwletleriň Baştutanlary bilen bilelikde ýöriteleşdirilen ekologiýa sergisine baryp görer.

Ýeri gelende, Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň başlangyjy bilen ilkinji gezek geçirilýändigini bellemeli. Ol BMG bilen hyzmatdaşlykda sebitde howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça umumy çözgütleri işläp taýýarlamak üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Liderlerini bir meýdançada jemlemäge gönükdirilendir.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň halkara abraýy we durnukly ösüşiň strategik ugurlary

images 4 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Apple” Korporasiýasynyň ýokary dolandyryş düzüminde strategik üýtgeşmeler amala aşyrylýar

Soňkylar Habar

Halkara Balkan olimpiadasyndan 5 medal!

12.05.2026
3 — 8-nji maý aralygynda Gresiýa Respublikasynyň Saloniki şäherinde matematika dersi boýunça geçirilen 43-nji Halkara Balkan matematika olimpiadasynda türkmen ýaşlary üstünlikli çykyş etdiler. Olimpiada

Dünýä çempionatyndan 4 medal!

12.05.2026
2 — 8-nji maý aralygynda Müsüriň Ismailiýa şäherinde ýaşlaryň arasynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri
GitTop