Dark
Light
17.05.2026
eko forum THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Prezidenti Sebitleýin ekologiýa sammitinde çykyş etdi

23.04.2026

Gazagystanyň paýtagty iri syýasy çäreleriň ikisini — Sebitleýin ekologiýa sammitini we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini kabul etdi. Döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, bilermenlerdir ekologlaryň gatnaşmagynda geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem çykyş edip, ekologiýa ýaly möhüm ugurda sebit gün tertibi babatda ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan etdi. Bu barada resmi metbugatyň elektron sahypasynda habar berildi.

Astanadaky Kongresler merkezinde «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän ekosammite Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary, şeýle-de Ermenistanyň, Gruziýanyň, Mongoliýanyň Prezidentleri, Azerbaýjanyň Premýer-ministri we beýleki ýurtlardan resmi wekiliýetler gatnaşýar. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň başlyklygynda geçirilýän plenar mejlisiň açylyş dabarasynda oňa gatnaşýan wekiliýet ýolbaşçylary gezekli-gezegine çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz sammitde eden çykyşynda häzirki forumda ilkinji gezek biziň ýurtlarymyzyň ýokary döwlet derejesinde giňişleýin ekologiýa gün tertibini ara alyp maslahatlaşýandyklaryna ünsi çekip, munuň oňa gatnaşýan döwletleriň ählisiniň daşky gurşawy goramagyň, howanyň üýtgemeginiň hem-de onuň bilen bagly durmuş adalatlylygy ýaly möhüm meseleleri çözmekde has netijeli, ulgamlaýyn we geljegi uly çemeleşmelere geçmäge taýýardyklaryny görkezýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda hemmeleriň wajyp ekologik wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýdyp, howanyň üýtgemegi, suw serişdeleriniň azalmagy, ýerleriň zaýalanmagy, çölleşme hadysasynyň çaltlaşmagy, biodürlülige zeper ýetmegi, ýaşamak üçin amatsyz ýerlerde migrasiýa hadysasynyň ösmegini şolara mysal hökmünde görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz serhetýaka suw serişdelerini oýlanyşykly we adalatly peýdalanmagyň aýratyn ünsi talap edýän meseledigini aýdyp, şu babatda Türkmenistanyň resmi garaýşyny mälim etdi. Ýurdumyzyň Hazarýaka döwletleriň hataryna girýändigi bilen baglylykda, çykyşda Hazar deňziniň ekologiýasyny goramak saklamak boýunça BMG-niň münberinden beýan edilen başlangyçlar barada-da durlup geçildi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

res sergi THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gazak paýtagtynda «RES 2026 EXPO» sergisi açyldy

5ff81e30a31024adbdad9b0c 1024x683 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Lu Ban ussahanasynyň” açylmagy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmekde wajyp tapgyr

Soňkylar Habar

Buharestde türkmen-rumyn konsullyk geňeşmeleri geçirildi

15.05.2026
2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Buharest şäherinde Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylary derejesinde konsullyk geňeşmeleri geçirildi.
GitTop