Dark
Light
21.04.2026
oba ac THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Prezidenti täze şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

09.04.2026

Düýn, 8-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. 

Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Mary welaýatynyň häkimi, halk köpçüligi bar.

Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşy dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Soňra hormatly Prezidentimiz dabaranyň geçirilýän ýerinde ýörite gurnalan mejlisler zalyna baryp, Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli çykyş etdi.

Soňra bu ýerde täze guruljak döwrebap şäherçe barada giňişleýin maglumat berýän wideoşekiller görkezildi. Soňra Ýolöten etrabynyň ýaşaýjylary hoşallyk sözleri bilen çykyş etdiler.

Şol gün Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli toý sadakasy berildi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

garassyz bina THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy – ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrýan möhüm syýasy ädimdir

malayz THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan «OTC Asia – 2026» halkara sergisinde energetika strategiýasyny tanyşdyrdy

Soňkylar Habar

Türkmen-hytaý işewürlik maslahaty we sergisi geçiriler

20.04.2026
Ministrler Kabinetiniň 18-nji aprelde geçirilen mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürlik maslahatyny we sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu
GitTop