Dark
Light
09.08.2026
emblem of turkmenistan gerb THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary

25.04.2026

Baýramow hakynda: Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany: Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Abu-Dabi şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesine bellenmeli.

Çungaýew hakynda: Baýram Seýitberdiýewiç Çungaýew başga işe geçmegi sebäpli, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

Saryýew hakynda: Magtymguly Saryýewiç Saryýewi pensiýa gitmegi sebäpli, Mary welaýatynyň Türkmen Gala etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

Gurbanow hakynda: Azat Rejepmyradowiç Gurbanowy Mary welaýatynyň Türkmen Gala etrabynyň häkimi wezipesine bellenmeli.

Poladow hakynda: Merdan Bibidewiç Poladowy Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkimi wezipesine bellenmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen:

  • Emirhan Orazmämmedowiç Geldiýew Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
  • Ezizgeldi Meretgeldiýewiç Aşyrow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
  • Serdar Kakamyradow Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
  • Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkiminiň orunbasary Nureddin Batyrowiç Saýybow Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.
  • Gurban Hemrakulowiç Kerimow Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
  • Nurjan Sapardurdyýewiç Nurmedow Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
  • Berdimyrat Babamyradowiç Öwezberdiýew Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
  • Zahid Ýusubowiç Hasanow Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
  • Baýram Seýitberdiýewiç Çunugaýew Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkiminiň orunbasary Nurmyrat Şadurdyýewiç Muhammedowyň üstüne ýüklenildi.”

Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

flame towers kopiya THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Azerbaýjan: Umumy däpler bilen täze tejribeleriň duşuşýan ýeri

ymambaba THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Täze şäherçe – bagtyýar geljegiň binýady

Soňkylar Habar

Türkmen karateçileri Aktauda 21 medal gazandylar

08.08.2026
1 — 5-nji awgust aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde karate-do boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty geçirildi. 420-den gowrak türgeniň gatnaşan iri ýaryşynda Türkmenistanyň milli we
GitTop