Dark
Light
08.09.2026
futbol THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň guramagynda futbol bäsleşigi geçirildi

07.04.2026

2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda sportuň futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bu sport çäresi 2026-njy ýylyň şygaryna «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» we Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guraldy.

Bäsleşige «Arkadag» futbol klubunyň janköýerler toparynyň agzalary we Türkiýede bilim alýan türkmen talyp ýaşlary gatnaşdy. Bu sport çäresi Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer we sport ulgamyndaky gatnaşyklarynyň berkemegine hem-de talyp ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine ýene-de bir möhüm ädim boldy.

Bäsleşige gatnaşyjylar, sport çäresiniň dowamynda diňe bir ýokary derejeli sport ukyplaryny däl, eýsem toparçylyk ruhuny hem görkezdiler. Bäsleşik jemleýji duşuşyk bilen tamamlanyp, oňa gatnaşan tomaşaçylarda täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda, ähli gatnaşyjylara Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

screenshot 20260406 143651 gallery THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli Rumyniýada mini-futbol boýunça ýaryş geçirildi

yrak THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşyk

Soňkylar Habar

GitTop