Dark
Light
20.04.2026
hindistan sapar THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistana tanyşlyk sapary guraldy

08.04.2026

Ýakynda «Merkezi Aziýa — Hindistan» dialogynyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan Respublikasyna tanyşlyk sapary guraldy.

Saparyň dowamynda türkmen ýaşlary Mumbaý, Goa we Nýu-Deli şäherlerinde bolup, Hindistanyň hökümet wekilleri, öňdebaryjy ylmy edaralary we medeni merkezleri bilen duşuşdylar. Wekiliýet agzalary Mumbaýda Hindistanyň Tehnologiýa institutynda we gazna biržasynda, Goada bolsa Milli okeanografiýa institutynda bolup, häzirki zaman ylmynyň ösüşi hem-de «mawy ykdysadyýet» ugrundaky başlangyçlar bilen tanyşdylar.

Saparyň medeni maksatnamasynyň çäginde Humaýunyň aramgähi, Çhatrapati Şiwaji Maharadja muzeýi we Dadasaheb Phalke Çitranagari kinostudiýasy ýaly taryhy hem-de döwrebap binalara zyýarat edildi. Nýu-Delide geçirilen duşuşyklarda Hindistanyň ýaşlar syýasaty, sport we daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary bilen özara tejribe alşyldy.

Bu sapar Hindistan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky ýaşlar diplomatiýasyny we ylmy-medeni hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim boldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

koreya immig THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Koreýa Respublikasynyň Immigrasiýa gullugynyň Komissary bilen duşuşyk geçirildi

garassyz bina THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy – ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrýan möhüm syýasy ädimdir

Soňkylar Habar

Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ÝUNESKO kafedrasy açyldy

16.04.2026
2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Sanly ylym» ÝUNESKO kafedrasynyň açylyş dabarasy boldy.  ÝUNESKO-nyň Uniwersitetler kafedralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy hem-de torlaýyn
GitTop