Dark
Light
20.04.2026
bbb THE ASHGABAT TIMES

Üstünlikli sepgitler bilen

04.04.2026

Bagtyýar nesillerimiziň milli ruhda terbiýelenmegi, olaryň döredijilik başarnyklarynyň kämilleşdirilmegi, sungat garaýyşlarynyň çuňlaşdyrylmagy, terbiýeçilik taýdan guralýan işleriň netijeliliginiň artdyrylmagy ugrundaky işler hemişe üns merkezinde saklanýar. Biziň çagalar bakja-bagymyzda hem çagalaryň çeper we döredijilik çykyşlarynyň mazmunlylygyny gazanmaga, çagalaryň ukyp-başarnyklarynyň we zehinleriniň ýüze çykarylmagyna gönükdirilen guramaçylyk, usulyýet işler maksadalaýyk amala aşyrylýar.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda hem bu ugurda ýerine ýerine ýetirilýän işler özüniň oňyn netijelerini görkezýär. Muňa mysal edip, ýaňy-ýakynda «Nowruz nagmalary» atly körpeleriň halk döredijilik toparynyň çykyşlary boýunça bäsleşikde biziň çagalar bakja-bagymyzda terbiýelenýän körpeleriň topary Mary welaýaty boýunça geçirilen tapgyrda hem Baş baýraga mynasyp boldular. Bu üstünlik biziň her birimizi, şol sanda ata-eneleri hem tüýs ýürekden begendirdi.

Ýeri gelende bellesek, milli lybasly çagalar bezelen sahnada terbiýeçilik ähmiýetli milli oýunlary, däp-dessurlardan, halk döredijiliginden parçalary degişli şertler boýunça ýerine ýetirdiler. Çagalaryň bu ugurdaky çykyşlaryny taýýarlamakda terbiýeçi Maýsa Abdyýewa hem-de Gülbahar Çerkezowanyň ussatlarça taýýarlygyna uly orun degişlidir. Sebäbi sazlaşykly guralýan işler çagalaryň üstünligine täsir edýär. Şoňa görä-de, şowly çykyşlardan ruhlanyp, mundan beýläk hem has netijeli we yhlasly zähmet çekmäge çalyşýarys.

Mundan başga-da, biziň körpelerimiz şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda dürli bäsleşiklere we çärelere hem uly ruhubelentlik bilen taýýarlyk görýärler. Sebäbi döwrümiziň ösüşlerine goşant goşmak biziň üçin uly buýsanç. Mundan beýläk hem yhlasly we netijeli işlemek, hünärleri kämilleşdirmek babatda uly mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize ähli bilim-terbiýeçilik işgärleriniň, körpe nesilleriň we ata-eneleriň köňül alkyşlary egsilmezdir.

Gülşat ORAZOWA,
Mary şäheriniň rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji çagalar bakja-bagynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

turkmen brazil 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan bilen Braziliýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklara 30 ýyl doldy

emblema 2026 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy

Soňkylar Makalalar

BEDEW BADY BILEN ROWAÇLANÝAN TUTUMLY IŞLER

16.04.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz her bir ýyly uly ylham we belent tutumlar bilen garşylaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de

Ýollar ile elter

16.04.2026
Golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly açylmagy hem ulag ulgamyny ösdürmekde, ýükleri we ýolagçylary

Matematikada mukaddes sanlar

15.04.2026
Sanlar adamzat taryhynda diňe bir hasaplama guraly bolman, eýsem ruhy, medeni we ylmy ähmiýete eýe bolupdyr. Käbir sanlar dürli halklaryň arasynda aýratyn hormat bilen kabul

Guramaçylyk we usulyýet babatda öňdebaryjylar saýlandy

14.04.2026
Her okuw ýylynda öňdebaryjy iş tejribeleri, gazanylan üstünlikleri, görkezijileri, hünär ugry boýunça ussatlygy, guramaçylyk başarnyklary we pedagogik işjeňligi bilen tapawutlanýan bilim-terbiýeçilik işgärleriniň arasynda geçirilýän

Maksatly il myrada ýeter

14.04.2026
Halk nakyllarynda «Maksatly il myrada ýeter» diýlişi ýaly, bu günki gün Türkmenistan döwletimiziň ykdysady ösüşiniň milli nusgasy diwersifikasiýalaşdyrmak, önümçilige iň öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary
GitTop