Elwan baharyň hoştap howaly gününde ýurdumyzyň taryhynda ýene-de bir şanly wakanyň şaýady bolduk. 10-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyry bolan Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly ýagdaýda açylmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ulag-logistika kuwwatynyň täze belentliklere göterilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Gadymy Gündogar pelsepesinde menzilleri birleşdirýän ýollar ýaşaýşyň akymy hökmünde häsiýetlendirilýär. «Ýollar ile elter», «Ýol bilen giden ýorulmaz» ýa-da «Ýoly baryň ― ykbaly bar» diýlişi ýaly, bu taryhy taslama hem berkarar döwletimiziň döredijilikli geljegine barýan aýdyň ýoldur. Bu ýokary tizlikli awtomobil ýoly iň döwrebap inženerçilik çözgütleri esasynda gurlup, halkara standartlara doly laýyk gelýär. Muňa dabaranyň barşynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan gowşurylan halkara şahadatnamalar hem güwä geçýär.
Ýol gurýan ýurt kuwwatlydyr. Ýurdumyzyň Ahal we Mary welaýatlarynyň çäginden geçip, paýtagtymyz Aşgabat şäherini Lebap welaýaty bilen birleşdirýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ata Watanymyzyň ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrar. Bu ýol Türkmenistanyň üstaşyr ýük geçirijilik mümkinçiligi görülmedik derejede artar. Iň esasam, gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň täze «altyn halkasy» dörär.
Gadymyýetde esasy söwda çatrygy bolup hyzmat eden Beýik Ýüpek ýoly bu gün ynsanyň aň-bilim güýji, täzeçil şertler we tehnologiýalaryň tizligi bilen gaýtadan dikelýär. Bu ýol parahatçylygyň we doganlygyň ýoludyr. Sebäbi ýollar birleşdirýär, ýollar dostlaşdyrýar, ýollar medeniýetleriň arasyndaky ruhy köprüdir. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly nurly geljegimize täze badalganyň başlangyjy bolsun!
Seýitmurat PAÝZYLLAÝEW,
TDP-niň Döwletli etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.