Golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly açylmagy hem ulag ulgamyny ösdürmekde, ýükleri we ýolagçylary daşamagy işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ol dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna hem-de deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny maliýeleşdirmegiň meseleleri hakynda» 2018-nji ýylyň 16-njy martyndaky, «Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak hakynda» 2019-njy ýylyň 11-nji ýanwaryndaky Kararlary esasynda uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy Aşgabat — Tejen (203 kilometr), Tejen — Mary (109 kilometr), Mary — Türkmenabat (288 kilometr) ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyryldy.
2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 203 kilometrlik Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasy boldy. 2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi açyldy. Bu ýokary tizlikli ýoly ulanmaga bermek arkaly Türkmenistan iri göwrümli ulag-aragatnaşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginde hem-de ösdürilmeginde özüniň ygtybarly hyzmatdaş bolup çykyş edýändigi baradaky oňyn abraýyny ýene-de bir gezek tassyklady.
Ýurdumyzyň Ahal we Mary welaýatlarynyň çäginden geçip, paýtagtymyz Aşgabady Lebap welaýaty bilen birleşdirýän Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýoly uzak aralygy gysga wagtda geçmäge mümkinçilik berer. Ýolagçylaryň we ýükleriň bökdençsiz gatnawyny üpjün eder, ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga şert döreder. Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň döwrebap kämilleşdirilmegi milli ykdysadyýetimiziň ösmegine uly itergi berer.
Arzuw NAZAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň IKDG we AI hünäriniň talyby.