Dark
Light
14.06.2026
THE ASHGABAT TIMES

ÝYLYMYZYŇ ŞYGARY – KALBYMYZYŇ KELAMY

23.04.2026

Ata Watanymyzyň ertirleri aýdyň, geljegi röwşen, günleri şuglaly, aýlary nurly, ýyllary bereketli bolup, batly gadamlar bilen uly ösüşlere beslenýär. Mälim bolşy ýaly, ösüşlere beslenýän ýurdumyzda döwrüň talaplaryna we möhüm wakalaryna bagyşlanyp, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky ýörelge indi asylly däbe öwrüldi. Şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi bolsa, agzybir, merdana halkymyza egsilmez buýsanç paýlady. Şol bir wagtda hem, ýylyň döwrebap şygary merdana halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda we hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmelere mundan beýläk-de mynasyp goşant goşmak hyjuwyny hem aýdyň şöhlelendirýär.
Bedew batly ösüşlere beslenjek 2026-njy ýylyň şeýle şygar bilen atlandyrylmagy beýik ösüşler bilen bir hatarda milli gymmatlyklarymyza hem belent sarpadyr. Çünki ýylyň şygarynda we nyşanynda bedewiň öz beýanyny tapmagy bolsa, ahalteke bedewlerimiziň şöhratly ýolunyň gaýtadan dabaralanýandygynyň, gözellikde we ýyndamlykda deň-taýy bolmadyk bedewlerimiziň sarpasynyň has belentlere göterilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Behişdi bedewler halkymyzyň göz guwanjy, milli buýsanjy bolmak bilen, wepadarlygyň, maksada okgunlylygyň, erkliligiň we zähmetsöýerligiň nyşanydyr. Ýurdumyzyň ösüşiniň bedew badyna deňelmegi bu hakykatyň aýdyň beýanydyr. Şanly ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň gymmatlyklary has-da rowaçlanyp, asylly başlangyçlar durmuşa geçiriler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen öňe barýan ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty berkidilip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlandyrylýar.
Berkarar Watanymyz uly ösüşlere beslenen täze taryhy eýýamy başdan geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny dowam edýän hormatly Prezidentimiziň ýurt baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ýokary ösüşleri gazanmak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Bagtyýar türkmen halkymyz döredijilikli zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşlerine öz goşandyny goşýar, ylym-bilimde, önümçiligiň dürli pudaklarynda mynasyp üstünlige eýe bolýar. Munuň özi ýylymyzyň rowaçlyk ýoly bilen başlanmagy, halkymyzyň bedew batly ösüşlerimize buýsanmagy netijesinde amal bolýar.
Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda eziz Diýarymyz özüniň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk taryhy senesiniň dabarasyny älem-jahana doljak toý-baýrama beslär. Çünki mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýy ýylymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterer. Üstümizdäki ýyl Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň, özygtyýarlylygynyň, soňky 35 ýylda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde ýetilen belent sepgitleriň, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde gazanylan üstünlikleriň has-da şöhratlanýan ýyly bolar. Bu ýylda bedew bady bilen ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan berkarar Watanymyzyň halkara abraýy öňküden-de belentliklere galar.

Ýazgül ORAZBERDIÝEWA

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň öwreniji-mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

behisdi bedewler milli buysanjymyz th6bnzcadj 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Atym bar – ganatym bar

ykdysady 2024 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ykdysadyýetiň innowasion ösüşini kämilleşdirmegiň möhüm şertleri

Soňkylar Makalalar

Çaga – geljegiň şuglasy

11.06.2026
Çagalar nesil dowamaty bolup, döwleti gülletjek hem-de ösdürjek, ata-babalarymyzyň döreden gymmatlyklaryny indiki nesillere ýetirjek geljekki şahsyýetlerdir. Olara berlen iň oňat terbiýe peşgeşi, şeýle-de körpeleriň

Zergärçilik sungatynda sagatlaryň çeper bezegi

08.06.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz goldawlary netijesinde türkmen amaly-haşam sungatynyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ylmy esasda öwrenmekde we

Mekdebe çenli döwürde

06.06.2026
Ynsan gurluşynyň, onuň dünýägaraşynyň we zehin binýadynyň iň çalt kemala gelýän döwri — mekdebe çenli ýaşdyr. Şonuň üçin hem bilim ulgamyndaky islendik özgertmäniň gözbaşy
GitTop