Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli ykdysadyýetimizi, hususan-da, oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak, azyk senagatyny pugtalandyrmak we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, 12 ― 14-nji maýda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara serginiň geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygyny, hususan-da, agrosenagat toplumynda ýetilen belent sepgitleri nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.
Bu gözden geçiriliş oba hojalyk pudagynda diňe bir ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu pudakda işjeň orny eýeleýän işewür düzümleriň ägirt uly mümkinçiliklerini hem görkezýär. Sergä Türkiýeden, Hytaýdan, Russiýadan, Özbegistandan, Azerbaýjandan, Gresiýadan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňdebaryjy kompaniýalar gatnaşdylar. Olaryň obasenagat, gaplama we tehnologik enjamlar boýunça ýöriteleşen kärhanalary täze önümlerini, hyzmatlaryny tanyşdyrdylar. Sergä gatnaşyjylaryň giň wekilçilikli düzümi ýurdumyzyň maýa goýum babatda özüne çekijiliginiň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.
Sergide ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň diwarlyklarynyň daşary ýurtly hünärmenlerde gyzyklanma döredendigini buýsançly bellemelidiris. Şunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň ýokary hasyl almaga we önümiň hilini ýokarlandyrmaga nähili ýardam berýändigini aýdyň görkezdiler. Daşary ýurtly kompaniýalaryň damjalaýyn suwaryş ulgamlary, ekinleri goraýan mineral dökünler, tohumlary we önümleri gaplamagyň, olary belgilemegiň dürli görnüşleri bilen tanyşdyrýan diwarlyklary aýratyn ünsi çekýär. Şeýle hem logistika, halkara söwda gatnaşyklaryny kämilleşdirmek boýunça hyzmatlary hödürleýän halkara düzümleriň diwarlyklary hem uly gyzyklanma eýe boldy.
Şeýlelikde, paýtagtymyz Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara serginiň geçirilmegi Türkmenistan döwletimiziň dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýandygyny, halkara hyzmatdaşlyga açykdygyny we innowasiýalara uly ähmiýet berýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Bu iri halkara forum ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň täze ösüş menzillerine tarap ynamly öňe barýandygynyň ajaýyp beýany boldy.
Aýlar RUSLANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.