Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň öňünde halkymyzy ýokary hilli, ekologik taýdan arassa azyk önümleri bilen üpjün etmek, importyň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen önümçiligi ösdürmek boýunça goýulýan möhüm wezipeleri çözmekde innowasiýalara aýratyn orun degişlidir. Soňky ýyllarda yzygiderli guralýan «Agro Pack Turkmenistan» halkara sergisi hem diňe bir gazanylan üstünlikleriň gözden geçirilişi bolman, eýsem, sebitiň obasenagat toplumynyň geljekki keşbini kemala getirmekde täze mümkinçilikleri açýar.
Ýurdumyzyň oba hojalykçylary häzirki döwürde çig mallary däl-de, ýokary goşulan gymmata eýe bolan taýýar önümleri öndürmäge ymtylýarlar. Munuň üçin önümleri gaýtadan işleýän we gaplaýan tehnologiýalaryň kämil görnüşleri peýdalanylýar. Innowasion gaplaýyş tehnologiýalary himiki goşundylary ulanmazdan, önümleriň saklanyş möhletini uzaldyp, has uzakdaky eksport bazarlaryna çykmaga ýardam edýär. Azyk harytlarynyň önümçiliginde hil gözegçiliginiň häzirki zaman ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy harytlaryň ISO, HACCP halkara standartlaryna kybap gelmegini üpjün edýär.
«Agro Pack Turkmenistan» halkara sergileriniň çäklerinde azyk önümlerine bagyşlanan «Food Turkmenistan» zolagyna aýratyn orun berilmegi ýurdumyzda bu ugurda uly öňegidişlikleriň gazanylýandygyna şaýatlyk edýär. Innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy çig mallardan bäsdeşlige ukyply harytlary öndürmäge mümkinçilik berýär. Del tagamlary, süýt önümlerini, miwe içgilerini öndürmek boýunça innowasion önümçilik tapgyrlary azyk önümleriniň tebigy häsiýetlerini saklap galmagyna mümkinçilik berýär. Barha ösýän konditer önümçiliginde we eksportynda ýurdumyz sebitde öňdebaryjy orny eýeleýär. Tebigy tagam we ys berijileriň ýurdumyzda öndürilip başlanmagy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň geriminiň giňeýändigini tassyklaýar.
12 — 14-nji maý aralygynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçiriljek «Agro Pack Turkmenistan» halkara sergisi daýhanlara we işewürlere giň mümkinçilikleri hödürleýär. Sergide oba hojalykçylar Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen gönümel aragatnaşygy ýola goýup, amatly şertlerde iň täze tehnologiýalary edinmäge, pudaga maýa goýumlary çekmäge, özara tejribe alyşmaga, innowasiýalary ornaşdyrmagyň netijeli ýollaryny öwrenmäge mümkinçilik alarlar.
Bägül ÄRNEPESOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň IKDG we AI hünäriniň talyby.