Dark
Light
17.06.2026
171021 pr 004 THE ASHGABAT TIMES

Ahal welaýatynda iş orunlarynyň tanyşdyrylyş çäresi geçiriler

08.05.2026

Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi 2026-nji ýylyň 13-nji maýynda sagat 10:00-dan 13:00-a çenli Gökdepe etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini resmi taýdan habar berýär.

Çäre Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäheriniň Magtymguly şaýolunyň 75-nji jaýynda ýerleşýän edara binasynda geçiriler. Bu çäre etrap çägindäki edara-kärhanalaryň, döwlet we hususy guramalaryň, firmalaryň hem-de kompaniýalaryň boş iş orunlaryny ilata hödürlemek arkaly raýatlaryň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Çärä gatnaşmak üçin Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän ähli edara-kärhanalar we guramalar özlerinde bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlary hödürlemäge çagyrylýar. Şeýle hem işe girmek islegini bildirýän raýatlar çärä gatnaşyp, hödürlenýän iş orunlary bilen tanyşyp bilerler.

Işe girmek isleýän raýatlar özleri bilen pasportyny, zähmet depderçesini hem-de zerur bolsa, degişli hünärini tassyklaýan resminamalaryny getirmelidirler.

Bu çäre raýatlaryň iş tapmak mümkinçiliklerini giňeltmek, iş berijiler bilen iş gözleýänleriň arasynda gönüden-göni aragatnaşygy ýola goýmak maksady bilen guralýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
(800132) 6-00-34; 6-00-48.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

hatyra bas THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hakyda mukaddesligi

epjyfxtfre6ghmxgmw5zq3ec3yltzb 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda türkmen-gruzin ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Soňkylar Habar

GitTop