Dark
Light
12.06.2026
gda esas THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler

15.05.2026

TDH-da habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine we Daşary işler ministrligine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde 2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

gadamly garsy alys THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Gadamly» gury ýük gämisi Baku Halkara deňiz söwda portunda garşy alyndy

konstitusiya THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Döwlet nyşanlaryna belent sarpa

Soňkylar Habar

GitTop