Dark
Light
12.06.2026
2026 05 22t17 21 18 205669d9 46c4 4a5a a429 83a2a7c445d4 THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda ýokary derejeli türkmen-russiýa gepleşikleri geçirildi

22.05.2026

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabada geldi. Russiýanyň Premýer-ministrini paýtagtymyzyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin garşyladylar. Bu barada RF-niň Hökümetiniň resmi saýty habar berýär.

Saparyň çäklerinde Mihail Mişustin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada giňişleýin pikir alyşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda senagat, energetika we logistika ulgamlaryna aýratyn üns berildi.

Şunuň bilen baglylykda, Hytaýyň, Hindistanyň, Pars aýlagy ýurtlarynyň, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň we Afrikanyň bazarlaryna çykmaga giň şertleri döredýän hem-de täze söwda mümkinçiliklerini açýan «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň uly ähmiýete eýedigi aýratyn bellenildi.

Hökümet Baştutany Mihail Mişustin geçirilen netijeli duşuşygyň jemleri boýunça beren beýanatynda: «Biziň saparymyzyň diňe bir söwda-ykdysady däl, eýsem, dostlukly halklarymyzy özara baglanyşdyrýan medeni-gumanitar gatnaşyklarymyzyň has-da ösmegine täze itergi berjekdigine umyt edýärin» diýip, aýratyn nygtady.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

2026 05 22t15 53 02 b7ade4fc 191f 4195 9edd 47fb102aa067 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze derejä göterilýär

2026 05 22t12 30 03 46d41df5 4000 4547 a0c1 780ccebcc45b 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Hökümet baştutany bilen duşuşdy

Soňkylar Habar

GitTop