Dark
Light
16.06.2026
awaza sargyt THE ASHGABAT TIMES

Awaza – 2026: tomusky dynç alyşdan öň onlaýn sargytlar artýar

18.05.2026

Türkmenistanda ýazky syýahatçylyk möwsümi dowam edýär, öňde bolsa tomusky dynç alyşlar möwsümi bar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna syýahat etmegi meýilleşdirýänler üçin e.gov.tm portaly arkaly biletleri onlaýn satyn almak boýunça amatly hyzmat elýeterlidir.

Platforma arkaly uçara, otla ýa-da awtobusa biletleri öňünden sargyt etmek mümkinçiligi döredildi. Munuň üçin «Ulag, logistika we gümrük hyzmaty» bölümine girip, degişli ulag görnüşini we ugruny saýlamak ýeterlikdir.

Bu hyzmat kassalara baryp, nobata durmazdan syýahaty tiz meýilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Töleg «Altyn Asyr» bank kartlary arkaly amala aşyrylýar, bu bolsa satyn alyş işini has-da amatly edýär.

Portal 24 sagat işleýär, şonuň üçin ulanyjylar islendik wagtda syýahatyny sargyt edip, Hazar deňziniň kenaryndaky tomusky dynç alşa öňünden taýýarlanyp bilerler.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

garabogaz THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan serhedi» awtomobil ýolunyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar

daskent bas THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen atşynaslarynyň halkara ýeňşi Aşgabatda we Daşkentde uly dabaralara beslendi

Soňkylar Habar

Harby uçurymlar wepalylyk kasamyny kabul etdiler

15.06.2026
13-nji iýunda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby

Aşgabatda dynç günlerinde nirä gidip bolar

12.06.2026
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dynç günlerinde dürli-dürli medeni çäreler garaşýar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 13.06.2026: «Sen söýseň meni» 19:00;
GitTop