Dark
Light
12.06.2026
gercek 26 THE ASHGABAT TIMES

Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri bäsleşdiler

05.05.2026

2026-njy ýylyň 4-nji maýynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda yglan edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Onuň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen deslapky tapgyrlarda öňe saýlanyp, özüniň zehini we ukyp-başarnyklary bilen tapawutlanan talyp ýigitleriň 27-si gatnaşdy.

Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlaryndan düzülen eminler toparynyň çözgüdine laýyklykda, bäsleşikde baş baýraga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Muhammetmyrat Atamyradow mynasyp boldy. Birinji orny S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agroekologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Akmuhammet Açylow eýelemegi başardy. Ikinji orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň marketing fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Maksat Işangulyýew bilen Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň kompýuter tehnologiýasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Abdulwaht Abdyrahymow, üçünji orna bolsa Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Japarberdi Japarow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Mämmet Toýryýew hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Mekan Atamyradow mynasyp boldular.

Eminler bäsleşige gatnaşan beýleki zehinli talyp ýigitleri hem, çykyşlarynyň aýratynlyklaryna görä, «Edermen ýigit», «Ylhamly ýigit», «Şahandaz ýigit», «Ugurtapyjy ýigit», «Türgen ýigit», «Owazly ýigit», «Ussat sazanda ýigit» diýen ugurlar boýunça sylagladylar.

Ýeňiji bolanlara we bäsleşige işjeň gatnaşan gerçek ýigitlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň Hormat haty we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

cilim111 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Saglygyň gadryny bilgil…

urus weterany THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň uruş weteranlaryna pul sowgady hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar

Soňkylar Habar

GitTop