Dark
Light
17.06.2026
kons baydak THE ASHGABAT TIMES

Berkararlygyň goşa sütüni

13.05.2026

Ýurdumyzyň esasy Döwlet nyşanlary bolmak bilen, Esasy Kanunymyz we ýaşyl Tugumyz täze taryhy eýýamda döwletliligimiziň mizemez sütünleri hökmünde çykyş edýär. Bu iki mukaddeslik diňe bir döwlet nyşanlary däl, eýsem, halkymyzyň köňül buýsanjyndan we pähim-paýhasyndan kemala gelen ruhy bitewüligiň, jebisligiň hem-de parahatçylyk döredijilik ýörelgeleriniň pelsepewi beýanydyr. Olar şöhratly geçmişi hem-de geljegiň beýik maksatlaryny özünde birleşdirip, ynsanperwerlik we ýagşylyk taglymlarynyň türkmen döwletiniň ýaşaýyş durmuşydygyny bütin dünýä dabaralandyrýar.

1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi özygtyýarly, demokratik, hukuk we dünýewi döwleti döretmek ýoluna düşen türkmen halkynyň iň täze taryhynda möhüm sepgidi alamatlandyrdy. Esasy Kanunymyz diňe bir hukuk resminamasy bolman, eýsem, ata-babalarymyzyň parasatly wesýetleriniň, dünýäniň iň oňyn tejribeleriniň we umumadamzat gymmatlyklarynyň bitewi bir akaba birigen ruhy hazynasydyr. Ol jemgyýetimiziň we döwletimiziň gurluşyny kesgitläp, adamy we onuň bagtyýarlygyny iň ýokary gymmatlyk hökmünde yglan etdi. Esasy Kanunymyzda berkidilen «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýen sarsmaz kada, aslynda, türkmen döwletliligiň pelsepewi özenidir.

Döwlet baýdagymyz Garaşsyzlygymyzy we Bitaraplygymyzy, şöhratly geçmişimizi, bagtyýar döwrümizi hem-de beýik geljegimizi, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan gymmatlygymyzdyr. Şoňa görä-de, gadymy haly gölleri, ýarymaý bilen bäş ýyldyz, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny aňladýan zeýtun şahalary şekillendirilen ýaşyl tugumyz mukaddes Watanymyzyň, merdana halkymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar.

Milli Tugumyz buýsançly pasyrdap, türkmen halkynyň baky bagtyny, nurana durmuşyny äleme äşgär edýär. Döwlet senamyzdaky: «Bitarap, Garaşsyz topragyň nurdur, // Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde» diýen sözler halkyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana mizemez söýgüsi bolup ýaňlanýar. Bu gün Esasy Kanunymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň esasynda Döwlet baýdagyny belentde parladyp, bagtyýar halkymyz ata Watanymyzyň geljege nur çaýýan iň täze taryhyny döredýär. Amala aşyrylýan döwletli tutumlar, ägirt uly taslamalar diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň hem ykbalyna oňyn täsir edýär.

Annamyrat ORAZMYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ykdysady maksatnama THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bu döwür – beýik işleriň döwri

dil bilim THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dil bilen – dünýäni biler

Soňkylar Makalalar

Çagalar baglarynda aýdym-saz terbiýesi

16.06.2026
Watana, il-güne bolan beýik söýgi maşgala terbiýesinden, has takygy, çaga edebinden, şeýle hem  oňa berilýän bilim-sowatdan başlanýar. Ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin

Bedew bady bilen täze sepgitlere!

15.06.2026
Taryhy ýyllary biri-birinden zyýada gelýän ata Watanymyzda her ýyly mynasyp atlandyrmak däbi barha dabaralanýar. Her ýylda öz şygaryna mynasyp işleri taryha ýazýan ajaýyp ýyllar
GitTop