Dark
Light
19.07.2026
bmg2 THE ASHGABAT TIMES

BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça  müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler

29.05.2026

2026-njy ýylyň 28-nji maýynda ABŞ-a amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Aleksandr Zuýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini we strategik häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.

Gepleşikleriň dowamynda 2026-njy ýylyň 20-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly kararnamanyň taryhy ähmiýetine aýratyn üns berildi. Bu resminamanyň ýurduň parahatçylyk söýüji daşary syýasat ugrunyň halkara derejesinde giňden ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýany bolandygy nygtaldy.

Kararnamanyň düzgünlerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň dört sany iri halkara başlangyjy jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Türkmenistanyň DIM-iniň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň binýadynda Parahatçylyk, bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy meselelerini öwrenýän Akademiki merkezi döretmek, Türkmenistanyň çäginde jedelleri parahatçylykly çözmegiň anyk mehanizmi hökmünde Parahatçylyk üçin araçylyk palatasyny döretmek, BMG bilen bilelikde Bitaraplyk ýörelgelerini berjaý etmek hem-de amala aşyrmak boýunça gollanmany taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen halkara hukugynyň kadalaryna esaslanýan Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek başlangyjyny ilerletmek ýaly meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn temasy sebit we ählumumy howpsuzlygy berkitmek boldy. Şunuň bilen baglylykda türkmen tarapy BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini mundan beýläk-de goldamaga ygrarlydygyny beýan etdi.

Halkara howplaryna garşy köpçülikleýin göreşiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistan Aşgabatda BMG-niň Terrorçylyga garşy  göreşmek boýunça müdirliginiň Maksatnamalaýyn edarasyny döretmek baradaky başlangyjy jikme-jik tanyşdyrdy. Bu edara sebitde möhüm seljeriş we bilermenler platformasyna öwrüler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga, bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmäge hem-de ýokary hünärli diplomatik işgärleri taýýarlamaga özara taýýardyklaryny tassykladylar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

kuba THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň we Kubanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

dostlar topary THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda Ählumumy dolandyryş boýunça Dostlar toparynyň mejlisine gatnaşdy

Soňkylar Habar

Gruziýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär

17.07.2026
Tbiliside hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Bu giň gerimli döredijilik çäresi ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryň täze

Tbiliside Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi

17.07.2026
Tbilisi şäherindäki «Ekspo Georgia» sergiler merkezinde hormatly Prezidentimiziň döwlet saparyna gabatlanyp, Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi. Bu ýerde Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisi hem ýaýbaňlandyryldy.
GitTop