Dark
Light
17.06.2026
british companies to visit tur 708cbabe9ec56bb5abe6a92d810e7ca6 sm THE ASHGABAT TIMES

Britan kompaniýalary işewürlik sapary bilen Türkmenistana gelerler

18.05.2026

Günbatar London Söwda edarasy britan kompaniýalarynyň Türkmenistana işewürlik saparyny guramagy meýilleşdirýär. Bu barada Günbatar London Söwda edarasynyň başlygy Kristofer Dýorkin penşenbe güni Londonda türkmen telekeçileri bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda mälim etdi.

Guramaçylaryň habar bermegine görä, Dýorkin britan işewürleriniň Türkmenistana saparynyň Londonda ýola goýlan işewür gatnaşyklarynyň dowamy bolup, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny açjakdygyny aýtdy.

Maksatnamanyň çäklerinde gatnaşyjylaryň öňünde Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Stiwen Konlon çykyş etdi. Tanyşdyrylyş dabarasynda diplomat britan tarapynyň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça häzirki çemeleşmesi barada gürrüň berdi. Şeýle hem ol britan hyzmatdaşlary bilen işleýän kompaniýalara maliýe gurallaryny hödürleýän Beýik Britaniýanyň döwlet eksport-karz agentligi bolan «UK Export Finance-iň» mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy.

«UK–Turkmenistan B2B Trade Mission» işewürlik sapary Günbatar London Söwda eadarasy we «TurkmenExpo» kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçihanasynyň goldaw bermeginde bilelikde guraldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

faoo THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň wekiliýeti FAO-nyň Sebitleýin maslahatynyň 35-nji mejlisine gatnaşdy

yerewanda 1f6b1a8f2f8e794b944062f2d5f8e875 sm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen telekeçileri Ýerewanda geçiriljek ulag-logistika sergisine çagyrylýar

Soňkylar Habar

GitTop