«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Bu babatda ýurdumyzda hukuk binýady halkara ülňülere laýyklykda döwrebaplaşdyrylýar, daşary ýurtly maýa goýujylar üçin ýeňillikler we kepillikler göz öňünde tutulýar. Abraýly halkara maliýe guramalary hem-de banklar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk ýola goýulýar.
Häzirki wagtda oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli döwlet syýasaty esasynda, ýurdumyzda giň gerimli işler, durmuş-ykdysady we medeni özgertmeler amala aşyrylýar. Şunda «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» möhüm orun degişlidir. Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen bu maksatnama Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 13-nji fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde tassyklanyldy we kabul edildi. Munuň özi eziz Diýarymyzda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek babatda ýadawsyz tagallalaryň edilýändigini görkezýär. Çünki döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, «Ata Watanymyzy mundan beýläk-de has-da gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr».
Bulardan başga-da, ata Watanymyzyň ähli sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksady bilen, şanly ýylda giň gerimli taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirilýär. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylmagy, Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obanyň, köpugurly elektrik stansiýasynyň, Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlarynyň we binalar toplumynyň, «Arçman» şypahanasynda 400 orunlyk täze binalar toplumynyň ulanmaga berilmegi ilatymyzyň girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna öz oňyn täsirini ýetirer.
Jemläp aýdanyňda, «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlaryň has-da dabaralanýandygyny alamatlandyryp, onuň esasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda amala aşyryljak giň gerimli özgertmeler, tutumly başlangyçlar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini hil taýdan täze basgançaga göterer.
Amandursun ILLIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.