Dark
Light
10.06.2026
photo 5202112703462315930 y THE ASHGABAT TIMES

Buharestde türkmen-rumyn konsullyk geňeşmeleri geçirildi

15.05.2026

2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Buharest şäherinde Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylary derejesinde konsullyk geňeşmeleri geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy habar berdi.

photo 5202112703462315912 y THE ASHGABAT TIMES

Türkmen tarapynyň wekiliýetine Türkmenistanyň DIM-iniň Konsullyk gullugy departamentiniň başlygy Döwletmyrat Muratow, rumyn tarapyna bolsa Rumyniýanyň DIM-iniň Konsullyk departamentiniň baş direktory Oana Dariýe ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar konsullyk we migrasiýa ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini, şol sanda wiza hyzmatdaşlygyny, raýatlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny, şeýle hem şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Konsullyk hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagy we konsullyk işgärleriniň taýýarlygy meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda konsullyk ugry boýunça amaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

konstitusiya THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Döwlet nyşanlaryna belent sarpa

korey baydak THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Seulda Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji saparyna taýýarlyk görülýär

Soňkylar Habar

GitTop