Dark
Light
19.07.2026
whatsapp image 2026 05 30 at 15.45.48 1 THE ASHGABAT TIMES

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi

30.05.2026

2026-njy ýylyň 30-njy maýynda Buharest şäherinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy tarapyndan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Bu halkara gün 2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan makullanyldy.

whatsapp image 2026 05 30 at 15.45.48 THE ASHGABAT TIMES

Çärä Buharest şäher häkimligi we “Ýaşyl rewolýusiýa” birleşigi goldaw berdi. Oňa diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ilçihanalaryň wekilleri, Rumyniýanyň DIM-niň wekilleri türkmen raýatlary hem-de Rumyniýada bilim alýan talyplar gatnaşdy.

whatsapp image 2026 05 30 at 15.45.48 2 edited THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Annamammet Annayew çykyş edip, sport diplomatiýasynyň Bitaraplyk syýasatynyň, halkara hyzmatdaşlygyň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ösdürilmegindäki ähmiýetine ünsi çekdi. Bu ugurlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylyň 15-nji martynda BMG tarapyndan kabul edilen, welosipedi durnukly ösüşiň bir bölegi hökmünde jemgyýetçilik ulag ulgamyna goşmagy göz öňünde tutýan karara aýratyn üns berildi.

Welosipedli ýörişe gatnaşanlar Türkmenistanyň ekologiýa we ynsanperwer ugurlardaky başlangyçlaryna hem-de halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan goşandyna ýokary baha berdiler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

whatsapp image 2026 05 30 at 14.59.27 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda «Ýewropa syýahat» festiwaly geçirildi

haly bayram THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

Soňkylar Habar

Gruziýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär

17.07.2026
Tbiliside hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Bu giň gerimli döredijilik çäresi ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryň täze

Tbiliside Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi

17.07.2026
Tbilisi şäherindäki «Ekspo Georgia» sergiler merkezinde hormatly Prezidentimiziň döwlet saparyna gabatlanyp, Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi. Bu ýerde Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisi hem ýaýbaňlandyryldy.
GitTop