Dark
Light
17.06.2026
caga caga 26 new THE ASHGABAT TIMES

Çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmegiň pedagogik wezipeleri

17.05.2026

Çagalyk döwri ynsanyň akyl we ruhy ösüşiniň, şol sanda sözleýiş ukybynyň düýbüniň tutulýan iň jogapkärli döwrüdir. Sözleýiş diňe bir pikir alyşmak guraly bolman, eýsem, çaganyň daşky dünýäni aňlamagynyň, logiki pikirlenmeginiň we jemgyýete uýgunlaşmagynyň esasy serjişdesidir. Sabyrlylygy we yzygiderliligi talap edýän bu prosesde ene-atalaryň, maşgala gurşawynyň we terbiýeçileriň orny örän uludyr. Çagalaryň sözleýiş dillerini dogry we baý derejede ösdürmek üçin amala aşyrylmaly birnäçe möhüm şertler bar.

Ilki bilen, çaga bilen entek gürläp başlamaýan döwründen, ýagny bäbeklikden başlap işjeň dialog guramak zerurdyr. Ene-atalar gündelik durmuşda edýän her bir işini, daş-töwerekdäki zatlary aýdyň hem-de dogry seslenmeler bilen çaga gürrüň berip durmalydyrlar. Ýerine ýetirilýän hereketleri söz we sözlemler bilen utgaşdyrmak çaganyň aňynda söz baýlygynyň (passiw söz baýlygynyň) emele gelmegine ýardam edýär. Şunda iň esasy üns berilmeli zatlaryň biri — çaga bilen gürleşilende sözleri we sesleri danyşmentlerçe bozman, öz asyl durşunda, arassa we düşnükli dilde aýtmakdyr. Çaga dili bilen geler-gelmez geplenilse, çaganyň sesleri we sözleri dogry kabul etmegi hem-de soňra dogry aýtmagy kynlaşýar.

Kitap okamak we ertekiler gürrüň bermek sözleýşi ösdürmegiň iň netijeli usullarynyň biridir. Çaganyň ýaşyna laýyk gelýän, reňkli suratly kitaplary bilelikde synlamak, suratlardaky gahrymanlar barada sorag-jogap alyşmak onuň diňe bir sözleýiş däl, eýsem hyýaly dünýäsini hem baýlaşdyrýar. Halk döredijiliginiň genji-hazynasy bolan matallary, tapmaçalary, hüwdüleri we gysga goşgulary çaga ýatlatmak onuň dil baýlygyny artdyrmak bilen bile, diksiýasynyň (sesleri dogry aýtmak ukybynyň) kämilleşmegine uly ýardam edýär. Mundan başga-da, her gün çagadan “Şu gün nähili işler etdiň?”, “Haýsy oýunlary oýnadyň?” ýaly soraglary sorap, onuň öz pikirini yzygiderli habar görnüşinde beýan etmegine şert döretmek zerurdyr.

Häzirki sanly tehnologiýalar asyrynda çagalaryň sözleýiş ösüşine päsgel berýän iň uly howp telefon, planşet we telewizor ekranlarydyr. Ekrana uzak wagtlap seredýän çaga diňe passiw diňleýji bolup galýar we onuň janly aragatnaşyk gurmaga, jogap bermäge bolan ymtylyşy peselýär. Şonuň üçin hem çagalaryň smartfon gurşawynda geçirýän wagtyny çäklendirip, olary köpçülikleýin oýunlara, deň-duşlary bilen wagt geçirmäge ugrukdyrmaly. Terbiýeçilik ähmiýetli oýunlar, barmak maşklary beýniniň sözleýiş merkeziniň işjeňleşmegine göni täsir edýär. Jemläp aýtmak bilen, çaganyň diliniň baý we çeper bolmagy üçin oňa goldaw beriji, ünsli hem-de söýgä beslenen janly gepleşik gurşawyny döretmek her bir maşgalanyň mukaddes borjudyr.

Aýlar HALLYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 27-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

kons baydak THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Watançylyk duýgymyzy artdyrýan mukaddeslikler

baydak bara THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Berkararlygyň, asudalygyň, ösüşiň nyşany

Soňkylar Makalalar

Çagalar baglarynda aýdym-saz terbiýesi

16.06.2026
Watana, il-güne bolan beýik söýgi maşgala terbiýesinden, has takygy, çaga edebinden, şeýle hem  oňa berilýän bilim-sowatdan başlanýar. Ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin

Bedew bady bilen täze sepgitlere!

15.06.2026
Taryhy ýyllary biri-birinden zyýada gelýän ata Watanymyzda her ýyly mynasyp atlandyrmak däbi barha dabaralanýar. Her ýylda öz şygaryna mynasyp işleri taryha ýazýan ajaýyp ýyllar
GitTop