Dark
Light
09.08.2026
dil bilim THE ASHGABAT TIMES

Dil öwrenmek, öwretmek asylly ýörelgedir

02.05.2026

«Dil — akylyň açary», «Dil bilen dünýäni gezer» ýaly pähimler dilde ýaşap gelýär. Dil — bahasyz baýlyk, genji-hazyna. Şoňa görä-de, ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary talyp ýaşlarymyza dünýä dillerini kämil derejede öwretmek üçin giň mümkinçiliklerden, sanly tehnologiýanyň gazananlaryndan netijeli peýdalanyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny, häzirki zaman pedagogikasynyň we ösen usulyýetiniň ylmynyň täze gazananlaryndan ýerlikli peýdalanyp, gündelik sapaklary döredijilikli guramaga çalyşýarlar.

Şu maksat bilen daşary ýurt dillerini has kämil derejede öwretmek üçin talyp ýaşlaryň arasynda dil bäsleşiklerini guraýarys. Eziz Diýarymyzda bellenilip geçilýän dürli baýramçylyklara, şanly senelere bagyşlap, iňlis dilinde sergileri taýýarlamak arkaly talyplaryň daşary ýurt dillerine bolan höweslerini artdyrýarys. Bäsleşikleriň, sergileriň guralmagy, iňlis dili hepdelikleriniň yzygiderli geçirilmegi talyp ýaşlarymyzda dil öwrenmäge bolan gyzyklanmany artdyrýar.

Elbetde, iňlis dilini topar bolup öwrenmek, ses arkaly öwrenmek, ýekelikde öwrenmek has-da peýdalydyr. Ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde talyplarymyzyň daşary ýurt dillerini hemmetaraplaýyn öwrenmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Eziz Diýarymyzda ylmy-tehniki ösüşiň ýokarlanmagy netijesinde ylmyň eýeleýän orny ýokarlandy. Ýaşlarymyza daşary ýurt dillerini öwretmegiň ygtybarly usullaryndan peýdalanýarys.

Dil öwretmekde öňdebaryjy tejribelerden ugur alyp, talyplaryň gözýetimlerini giňeltmekde, düşünjelerini ösdürmekde, hünär taýdan kämilleşdirmekde, innowasion tehnologiýalaryň inçe tilsimlerini aňly-düşünjeli özleşdirmeklerinde sanly ulgam arkaly sapaklary hem geçýäris. Türkmen ýaşlary halkara we döwlet ders bäsleşiklerine, onlaýn, internet olimpiadalaryna gatnaşyp ýokary netijeleri gazanýarlar. Daşary ýurt dillerini kämil derejede öwretmek ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda oňyn ýardamyny berýär. Çünki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar talyp ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeklerini gazanmak biziň mukaddes borjumyzdyr.

Kamila MARAWAÝEWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň iňlis dili mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

men engagement social norms wrsh education THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Welaýatlarda gender deňligini we sagdyn durmuş ýörelgesini ilerletmek boýunça ýaşlar meýletinçilik maksatnamasynyň netijeleri jemlendi

habibmetro 578463f7cb46f6289eb32ed28c233c83 sm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan bilen «HabibMetro» banky göni korrespondent gatnaşyklary ýola goýmagy meýilleşdirýär

Soňkylar Makalalar

Şöhratly taryhyň ýaňy

06.08.2026
Dogrudan hem, bu günki gün «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik şygar bilen türkmen halkyny aýdyň geljege sary

Biz – buýsançly döwrüň bagtyýar bilim işgärleri!

04.08.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, şol sanda mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler, açylyp ulanylmaga berilýän

Garaşsyzlyk – halkyň buýsanjy we bagty

04.08.2026
Garaşsyzlyk her bir halkyň iň gymmatly baýlygy, döwletliligiň we milli erkinligiň esasy nyşanydyr. Ol halkyň öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemäge, syýasy, ykdysady we medeni ösüş
GitTop