Ýurdumyzyň esasy Döwlet nyşanlary bolmak bilen, Esasy Kanunymyz we ýaşyl Tugumyz täze taryhy eýýamda döwletliligimiziň mizemez sütünleri hökmünde çykyş edýär. Bu iki mukaddeslik diňe bir döwlet nyşanlary däl, eýsem, halkymyzyň köňül buýsanjyndan we pähim-paýhasyndan kemala gelen ruhy bitewüligiň, jebisligiň hem-de parahatçylyk döredijilik ýörelgeleriniň pelsepewi beýanydyr.
Döwlet Baştutanymyz: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr» diýip, döwlet nyşanlarymyza uly sarpa goýýar. Şu nukdaýnazardan, nesillerde milli gymmatlyklarymyza, şol sanda döwlet nyşanlaryna belent hormat-sarpany, söýgini terbiýelemek, watansöýüjilik duýgusyny döretmek hem-de kämilleşdirmek möhüm wezipeleriň biridir.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Konstitusiýamyzda berkidilmegi ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilmegine giň ýol açdy. Bu gün Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden öňe sürýän halkara başlangyçlary bilen ählumumy parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar. Şunda Konstitusiýamyzyň kadalaryna eýerilip, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna gönükdirilen daşary syýasat strategiýamyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygy buýsançly hakykatdyr.
Halkymyz öz tuguna hemişe aýawly garapdyr. Mukaddes tugumyz halkymyzyň özbaşdak ösüşe, syýasy ugra, durmuş-ykdysady nusgasyna bolan hukugyny alamatlandyrýar. Türkmen topragy okgunly özgerip, gül açýan mekana öwrülýär, obalarymyz, şäherlerimiz täze keşbe eýe bolup, Watanymyzyň ykdysady kuwwaty pugtalanýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Durmuşyň we döredijiligiň joş urýandygyny alamatlandyrýan ýaşyl baýdagymyzyň astynda halkymyz agzybir, ruhubelent zähmet çekip, geljege ynamly garaýar.
Goý, Konstitusiýamyzyň ýörelgeleri ýurdumyzyň ösüş ýoluna nur çaýyp dursun! Goý, ýaşyl tugumyz asuda asmanymyzda baky parlap, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şöhratyny dünýä ýaýsyn!
Altyn GOÝMADOWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.