Häzirki zaman dünýä ykdysadyýetiniň çylşyrymly şertlerinde her bir döwletiň durnukly ösüşi onuň maýa goýum syýasatynyň netijeliligine we strategik ugurlarynyň dogry kesgitlenmegine gönüden-göni baglydyr. Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Açyk gapylar» syýasatyny ýöredip, ýurdumyzyň maýa goýum özüne çekijiligini yzygiderli ýokarlandyrýar. Ýurdumyzyň maýa goýum gurşawynyň strategik ugurlary diňe bir maliýe akymlaryny çekmek bilen çäklenmän, eýsem, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli gowulandyrmaga gönükdirilendir.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Bu babatda ýurdumyzda hukuk binýady halkara ülňülere laýyklykda döwrebaplaşdyrylýar, daşary ýurtly maýa goýujylar üçin ýeňillikler we kepillikler göz öňünde tutulýar. Abraýly halkara maliýe guramalary hem-de banklar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk ýola goýulýar.
Häzirki wagtda oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli döwlet syýasaty esasynda, ýurdumyzda giň gerimli işler, durmuş-ykdysady we medeni özgertmeler amala aşyrylýar. Şunda «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» möhüm orun degişlidir. Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen bu maksatnama Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 13-nji fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde tassyklanyldy we kabul edildi. Munuň özi eziz Diýarymyzda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek babatda ýadawsyz tagallalaryň edilýändigini görkezýär. Çünki döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, «Ata Watanymyzy mundan beýläk-de has-da gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr».
Ýurdumyza iri möçberli daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek hem-de olary netijeli özleşdirmek maksady bilen, döwletimizde milli we daşary ýurtly maýadarlaryň netijeli iş alyp barmaklary üçin ýokary amatlyklar döredilýär. Bu işleriň netijeli dowam etdirilmegi bilen bagly anyk ugurlar «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» hem aýdyň beýan edilýär. Maksatnama «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlaryň has-da dabaralanýandygyny alamatlandyryp, onuň esasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda amala aşyryljak giň gerimli özgertmeler, tutumly başlangyçlar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini hil taýdan täze basgançaga göterer.
Allanazar GUWANJOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşa taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.