Dark
Light
12.06.2026
inlis dili THE ASHGABAT TIMES

Dymmakdan geplemäge: iňlis dilinde kommunikatiw usuly netijeli ulanmak

20.05.2026

Dünýäniň köp sanly okuw mekdeplerinde okuwçylar iňlis dilini öwrenmek üçin ýyllaryny sarp edýärler, grammatika kadalaryny öwrenýärler, söz baýlygyny ýat tutýarlar we ýazuw maşklaryny ýerine ýetirýärler. Emma ýönekeý bir sowal berlende bolsa, olar sakynýarlar, dymýarlar ýa-da jogap bermäge kynçylyk çekýärler. Bilim bilen aragatnaşygyň arasyndaky bu boşluk möhüm bir soragy orta atýar: biz dili öwredýärismi ýa-da okuwçylara dilden nädip peýdalanmalydygyny?

​Dili okatmagyň kommunikatiw usuly muňa anyk jogap berýär. Ol ünsi kadalary özleşdirmekden, dili manyly gatnaşyk üçin gural hökmünde ulanmaga gönükdirýär. Mugallymlar: «Bu sözlem dogrumy?» diýip soramagyň deregine, «Okuwçy öz pikirini netijeli ýetirip bilýärmi?» diýen soragy berip başlamaly. Bu usulyň özeni diliň gündelik durmuşda ulanylmagyna esaslanýar. Okuwçylar öz pikirlerini beýan etmäge, garaýyşlaryny paýlaşmaga we hakyky ýagdaýlary şöhlelendirýän söhbetdeşliklere gatnaşmaga höweslendirilýär. Synp otagy passiw öwreniş däl-de, eýsem, janly aragatnaşyk meýdançasyna öwrülýär; bu ýerde okuwçylar diňe bir diňläp we gaýtalap durman, işjeň gatnaşýarlar.

​Bu çemeleşme şu günki gün örän möhümdir, sebäbi köp mugallymlar umumy kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar, gürlemäge ýygrylýan okuwçylar, diňe okuw kitabyna daýanýan dersler we gyzykly bolmadyk sapaklar. Aragatnaşyga üns bermek bilen, mugallymlar has gyzykly we goldaw beriji okuw gurşawyny döredip bilerler. Okuwçylarda kem-kemden özüne bolan ynam döreýär, dili suwara gepläp başlamagy kämilleşýär we olar dile diňe bir öwrenilmeli ders däl-de, eýsem, ulanylmaly gural hökmünde garap başlaýarlar.

​​Iň netijeli strategiýalaryň biri jübütleýin we toparlaýyn işlerdir. Okuwçylar bilelikde işlänlerinde pes basyşly şertlerde gepläp we dil maşklaryny etmäge has köp mümkinçilik alýarlar. Hatda bir soragy synp ỳoldaşy bilen ara alyp maslahatlaşmak ýaly ýönekeý işler hem işjeňligi artdyryp, gorkyny azaldyp biler.

​Ýene bir möhüm ýörelge — görnüşden öň manysyna üns bermekdir. Adaty bolan usullarda ýalňyşlar derrew düzedilýär, bu bolsa okuwçyny gürlemekden çekindirip biler. Kommunikatiw synpda bolsa, ilki bilen, okuwçynyň öz pikrini erkin aýtmagy goldanylýar, düzedişler we maslahatlar bolsa soňra berilýär. Bu bolsa anyklyk bilen bir hatarda diliň akymyny ösdürmäge kömek edýär.

​Köp okuwçylar üçin täze dilde gürlemek, yzlaň başynda, kyn bolup biler. Gatnaşygy artdyrmagyň täsirli ýoly — sapaklary okuwçylaryň hakykatdan hem gyzyklanýan temalary bilen baglanyşdyrmakdyr. Okuwçylar öz halaýan zatlary barada gürleýän mahaly has işjeňleşýärler we aragatnaşyk gurmaga has höwesli bolýarlar. ​Şol bir wagtyň özünde, ýygra ýa-da özüne ynamy pes okuwçylary hem göz öňünde tutmak möhümdir. Olary goldamak üçin «Ýoldaşyň bilen gysgaça gürleşmek» usuly örän täsirlidir. Okuwçylar tutuş synpyň öňünde däl-de, ilki bilen, jübüt bolup türgenleşýärler, bu bolsa has rahat we gorkusyz gurşawy döredýär. Bu olaryň uly çekişmelere goşulmazdan öň, kem-kemden özüne bolan ynamyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Men öz iş tejribämde, hususan-da, «IT Nurly Şöhle» bilim merkezinde çekinjeň okuwçylar bilen bu usuly yzygiderli ulanýaryn we olaryň sapaga gatnaşygynyň hem-de özlerini has erkin duýmagynyň artýandygyny görýärin.

​Mugallymlar gündelik aragatnaşygy şöhlelendirýän hakyky durmuş tabşyryklaryny hem girizip bilerler. Rolly oýunlar, meseleleri çözmek boýunça işler we tanyş ýagdaýlara esaslanýan çekişmeler diliň amaly gymmatyny düşündirmäge kömek edýär. Mysal üçin, okuwçylar mugallymyň rolunda bolmagy, iş söhbetdeşligini geçirmegi ýa-da hakyky durmuşdaky bir meseläni çözmegi haýyş etmek okuw prosesini has janly edýär.

​Mugallymyň berýän soraglarynyň görnüşi hem uly orun tutýar. Ýapyk soraglar jogaby diňe «hawa» ýa-da «ýok» bilen çäklendirýär, emma açyk soraglar okuwçyny oýlanmaga, düşündirmäge we öz pikirini giňeltmäge höweslendirýär. Bu diňe bir gürlemek ukybyny däl, eýsem, tankydy pikirlenmäni hem ösdürýär.​Mundan başga-da, wideolaryň, podkastlaryň ýa-da gysga makalalaryň ulanylmagy okuwçylary synpdan daşarky janly dil bilen tanyşdyrýar. Bu bolsa okuw kitabyndaky iňlis dili bilen hakyky dünýädäki aragatnaşygyň arasyndaky köprini gurmaga ýardam edýär.

​​Elbetde, kynçylyklar elmydama tapylar. Käbir okuwçylar başda çekinjeň bolup bilerler. Şol ýagdaýda jübütleýin işlerden başlamak has amatlydyr. Uly synplarda bolsa hemmeleriň gatnaşmagy üçin kiçi toparlary guramak bolar. Hatda wagt çäkli bolsa-da, gysgaça kommunikatiw gönükmeleri adaty sapaklara aňsatlyk bilen goşup bileris. ​Şuny bellemek möhümdir: kommunikatiw usul grammatikany inkär etmeýär. Gaýtam, ol grammatikany aragatnaşygyň kontekstinde ýerleşdirýär. Dogry gürlemek möhümdir, emma ol suwara geplenilýän pursatda onuň hasabyna däl-de, onuň bilen bilelikde ösmelidir.

​Netijede, dil öwretmegiň maksady kämillik däl-de, eýsem, aragatnaşykdyr. Okuwçylara öz hakyky pikirlerini beýan etmäge, sorag bermäge we başgalar bilen gatnaşyk gurmaga mümkinçilik berlen mahaly öwrenmek has manyly we dowamly bolýar. Dymmakdan geplemäge geçmek bir gijede bolup geçýän zat däl. Ýöne bu ýörelgeleri oýlanyşykly ulanmak arkaly mugallymlar öz synplaryny diliň diňe bir öwrenilýän däl, eýsem, hakykatdan hem ýaşalýan mekanyna öwrüp bilerler.

Aly JUMADURDYÝEW,
«IT-Nurly Şõhle» ylmy-okuw merkeziniň iňlis dili mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

susa festiwal THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Hary bülbül» atly halkara festiwalynda milli sungatymyz dabaralandy

bilim talyp THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ylymly nesiller – Watanymyzyň abraýy

Soňkylar Makalalar

Zergärçilik sungatynda sagatlaryň çeper bezegi

08.06.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz goldawlary netijesinde türkmen amaly-haşam sungatynyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ylmy esasda öwrenmekde we

Mekdebe çenli döwürde

06.06.2026
Ynsan gurluşynyň, onuň dünýägaraşynyň we zehin binýadynyň iň çalt kemala gelýän döwri — mekdebe çenli ýaşdyr. Şonuň üçin hem bilim ulgamyndaky islendik özgertmäniň gözbaşy

Okgunly ösüşleriň binýady

06.06.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir güni şanly wakalara, ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýoluny mynasyp dowam etdirýän
GitTop