Dark
Light
13.05.2026
dsc 0039 THE ASHGABAT TIMES

“Ekologiýa abadançylygy – zeminiň gözeligi” atly çäre  geçirildi

07.05.2026

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda institutyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda “Ekologiýa abadançylygy – Zeminiň gözeligi” atly eko-kwest aksiýasy geçirildi. Bu barada jemgyýetçilik guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.

dsc 0018 THE ASHGABAT TIMES

Çäre ýaşlaryň ekologik sowatlylygyny ýokarlandyrmak, tebigaty goramak, hem-de daşky gurşawa aýawly çemeleşmegi terbiýelemek maksady bilen guraldy.

Ilki bilen, “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününiň ähmiýeti, tebigy baýlyklarymyzy gorap saklamagyň wajyplygy hem-de häzirki döwürde ekologiýa diplomatiýasynyň orny barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygy, milli mirasymyzy hem-de tebigy baýlyklarymyzy gorap saklamak boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler barada aýratyn nygtaldy.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan halkara konwensiýalara işjeň gatnaşmak bilen, “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek, çölleşmäge garşy göreşmek hem-de daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şunda ýaş nesliň ekologiýa medeniýetini kemala getirmek möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Wagyz-nesihat duşuşygy amaly işler bilen utgaşdyryldy. Talyplar institutyň çägindäki baglara ideg etmek, ýaşyl zolaklary abadanlaşdyrmak hem-de arassalamak boýunça işlere işjeň gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda aýratyn işjeňlik görkezen talyplar “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy tarapyndan höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglandy.

Guramaçylaryň bellemeklerine görä, şeýle çäreler ýaşlaryň daşky gurşawa bolan jogapkärçiligini artdyrmakda, ekologik diplomatiýanyň esaslaryny öwrenmekde hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Çärä gatnaşyjylar ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek we ýaşlaryň döredijilik başlangyçlaryny goldamak ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ulag forum THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara ulag forumynyň sammitine gatnaşýar

hatyra bas THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hakyda mukaddesligi

Soňkylar Habar

Halkara Balkan olimpiadasyndan 5 medal!

12.05.2026
3 — 8-nji maý aralygynda Gresiýa Respublikasynyň Saloniki şäherinde matematika dersi boýunça geçirilen 43-nji Halkara Balkan matematika olimpiadasynda türkmen ýaşlary üstünlikli çykyş etdiler. Olimpiada

Dünýä çempionatyndan 4 medal!

12.05.2026
2 — 8-nji maý aralygynda Müsüriň Ismailiýa şäherinde ýaşlaryň arasynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri
GitTop