2026-njy ýylyň 12-njy maýynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen ýüzüşe goýberilen «Gadamly» gury ýük gämisi Baku Halkara deňiz söwda portunda dabaraly ýagdaýda garşy alyndy. Bu çärä Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi G.Elýasow, iki ýurduň ulag-logistika düzümleriniň, degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Baku Halkara deňiz söwda portunyň direktory, «Azerbaýjan demir ýollary» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary öz çykyşlarynda türkmen hünärmenleriniň yhlasly zähmeti bilen gurlan täze gäminiň mümkinçiliklerine ýokary baha berip, Gündogar — Günbatar halkara ulag ugrunyň möhüm bölegi hökmünde Hazar sebitiniň strategik ähmiýetine ünsi çekdiler. Hazarýaka ýurtlara yzygiderli gatnawy amala aşyrjak «Gadamlynyň» ilkinji ýüzüşiniň hut Baku portundan başlanmagy bolsa türkmen-azerbaýjan ulag-logistika hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetinden, özara düşünişmegiň ýokary derejesinden habar berýär.
Maglumat hökmünde belläp geçsek, uzynlygy 123 metre deň bolan bu gämi 20 tonnalyk ýük konteýnerleriniň birbada 240-syny daşamaga ukyplydyr. Deňizdir derýalarda hereket etmäge niýetlenen gäminiň dolandyryş ulgamynyň dolulygyna awtomatlaşdyrylmagy, oturdylan ýörite datçiklerdir algoritmler, nawigasiýa we monitoring enjamlary oňa dört gije-gündizläp ýüzüşde bolmaga mümkinçilik berýär. Halkara ölçeglere laýyklykda gurlan kuwwatly gämi Eýrana, Azerbaýjana, Gazagystana we Russiýa dürli ululykdaky ýükleri gatnadyp başlar.
«THE ASHGABAT TIMES».