Dark
Light
17.06.2026
karl iii THE ASHGABAT TIMES
Foto: TDH

Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýa sapary we Patyşa Karl III bilen duşuşygy

18.05.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Patyşa maşgalasynyň çakylygy boýunça Beýik Britaniýada saparda boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Windzor galasynda Onuň Alyjenaby Patyşa Karl III bilen duşuşdy. Patyşa Karl III Milli Liderimizi dünýäde ykrar edilen meşhur syýasatçy hökmünde nygtap, oňyn hyzmatdaşlygyň, aýratyn-da, iki ýurduň arasyndaky atçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Milli Liderimiz Windzorda Edinburgyň Gersogy Şazada Edward we onuň maşgalasy hanym Sofi Helen bilen hem duşuşyklar geçirdi. Taraplar taryhy gatnaşyklary ýatlap, 1956-njy ýylda Şa zenany Ýelizaweta II-ä sowgat berlen meşhur Meleguş atly ahalteke bedewi baradaky gyzykly wakany gürrüň berdiler. Şeýle hem duşuşyga gatnaşan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti O.Atabaýewa bilen atlaryň kömegi arkaly amala aşyrylýan bejeriş işleri, ýagny ippoterapiýa boýunça tejribe alşyldy.

Gahryman Arkadagymyz saparyň dowamynda Windzor galasynyň çäginde guralan halkara atly sport çykyşlaryna tomaşa etdi we ahalteke bedewlerine bagyşlanan gymmatlyklaryň sergisini synlady. Saparyň çäginde Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Elçin Guliýew bilen hem duşuşyk geçirildi we goňşy ýurduň atly ýigitleriniň görkezme çykyşlaryna tomaşa edildi.

Gahryman Arkadagymyz duşuşygyň ahyrynda Beýik Britaniýanyň Patyşasyna we Şazadasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň we halkynyň adyndan toý sowgatlaryny gowşurdy hem-de olary ýurdumyzda giňden belleniljek Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk toýuna çagyrdy. Ýoary derejede guralan bu sapar we möhüm duşuşyklar Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky köp ugurly diplomatik we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açdy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

nepal baydak THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Annapurna depesinde dikildi

tbilisi baydak THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Tbilisiniň teleýaýlym diňi Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy

Soňkylar Habar

Harby uçurymlar wepalylyk kasamyny kabul etdiler

15.06.2026
13-nji iýunda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby

Aşgabatda dynç günlerinde nirä gidip bolar

12.06.2026
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dynç günlerinde dürli-dürli medeni çäreler garaşýar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 13.06.2026: «Sen söýseň meni» 19:00;
GitTop