Dark
Light
05.10.2026
THE ASHGABAT TIMES

Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy Türkmenistanyň ählumumy hyzmatdaşlykda gazanan üstünliklerini şöhlelendirer

21.05.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän ýylda ata Watanymyz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de sebitleýin we ählumumy derejede deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruna üýtgewsiz ygrarlydygyny anyk işler arkaly tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän öňdengörüjilikli strategiýa laýyklykda, Türkmenistan gyzyklanma bildirýän ähli döwletler bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýär. Bu ugur ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki işjeň we döredijilikli ornunyň tebigy dowamy bolup çykyş edýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan halkara giňişlikde Bitaraplyk syýasaty arkaly parahatçylygyň ygtybarly goldawçysy hökmünde tanaldy. Bitaraplyk – bu diňe bir syýasy ýol bolman, eýsem halkymyzyň dost-doganlyga, özara hormata we ynsanperwerlige esaslanýan ýaşaýyş ýörelgesidir. Şeýle ýörelgeler häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilip, ýurdumyzda ykdysady, medeni we ylmy ugurlarda giň gerimli üstünlikler gazanylýar.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Täze desgalaryň gurulmagy, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ýaş nesliň bilimli we giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi ugrunda edilýän tagallalar munuň aýdyň mysalydyr. Bu bolsa Garaşsyz Watanymyzyň ösüş ýolunda ynamly öňe barýandygyny görkezýär.
2026-njy ýyl ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna beslenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe möhüm wakalara baý bolar. Bu wakalar Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki ornuny has-da pugtalandyrar, sebitde we ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmäge, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmäge uly goşant goşar.

Begnazar GADAMOW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň öwreniji-mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

20 may ashgabat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

UNFPA howanyň aşa gyzmagynyň aýallaryň reproduktiw saglygyna ýetirýän täsiri boýunça maslahat geçirdi

abs amerikan i 4b70754eac273f27f52bf2bcc0aa14b4 sm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan we ABŞ amerikan işewür wekiliýetiniň Aşgabada saparyna taýýarlyk görýärler

Soňkylar Makalalar

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,

Garaşsyz Watanymyzyň bilimli nesilleri

03.10.2026
Her bir halkyň taryhynda aýratyn ähmiýetli döwürler bolýar. Olar millet üçin diňe bir täze eýýamyň başlangyjy bolman, eýsem, onuň geljegini, ykbalyny hem kesgitleýär. Türkmen

Bilim bilen belent maksatlar rowaçlanýar

03.10.2026
Ýur­du­myz­da ylym we bi­lim ös­dü­ril­ýär. Be­ýik iş­le­riň üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny, döw­re­bap ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­di. Ola­ryň ma­ny-maz­mu­ny, äh­mi­ýe­ti ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da
GitTop