Dark
Light
17.06.2026
kazakhstan ai emeli an intellect THE ASHGABAT TIMES

Gazagystanyň orta bilimlerinde emeli aň eýýamy başlanýar

15.05.2026

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň orta bilim ulgamyna emeli aňy ornaşdyrmak hakyndaky taryhy Permana gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, 2026-njy ýyldan başlap ýurduň mekdeplerinde sanly innowasiýalaryň täze tapgyryna badalga berler.

Tassyklanan maksatnama laýyklykda, 2026-2029-njy ýyllar aralygynda orta bilim ojaklarynda häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ulanmak boýunça ýörite çäreler durmuşa geçiriler. Täze özgertmeler diňe bir enjamlaşdyrmagy däl, eýsem okuw prosesiniň mazmunyny düýpli döwrebaplaşdyrmagy göz öňünde tutýar.

Prezidentiň Permanynda bellenilýän esasy ugurlar şulardan ybarat:

Okuw prosesini her bir okuwçynyň ukybyna we özleşdiriş tizligine görä uýgunlaşdyrmak;

Sanly düzümi kämilleşdirmek we mekdepleri ýokary tizlikli internet bilen doly üpjün etmek;

Mugallymlaryň tehnologiýa boýunça hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak;

Şahsy maglumatlaryň we kiberhowpsuzlygyň berk goraglylygyny üpjün etmek.

Resminama laýyklykda, 2026-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli ýurt boýunça ähli mekdepler zerur bolan iň döwrebap tehniki enjamlar bilen doly üpjün ediler. Şol bir wagtda emeli aňy ulanmagyň ýörite döwlet standartlary işlenip düzüler.

Bellimeli zatlaryň biri hem, bu başlangyç mugallymlaryň işiniň ornuny tutmagy däl-de, eýsem olara okuw döwründe kömekçi we netijeli gural hökmünde hyzmat etmegi maksat edinýär. Bu ulgam mugallymlara wagtyny has netijeli ulanmaga we her bir okuwça aýratyn çemeleşmäge mümkinçilik berer.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

land rover turkmen THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Land Rover» türkmen bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär

19 05 005 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dünýäniň Öňünde Belentden Parlaýan Ýaşyl Tuga Buýsanç

Soňkylar Habar

GitTop