Parahatçylyk, abadan durmuş, dost-doganlyk, ynsanperwerlik baradaky arzuw-umytlary, watansöýüjilik, gahrymançylyk, merdanalyk ýörelgeleri alamatlandyrýan Ýeňiş baýramy dünýä halklarynyň durmuşynda örän möhüm orny eýeleýär. Dünýäniň gülläp ösýän döwletleriniň birine öwrülen ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllarda watançylygyň deňi-taýy bolmadyk nusgasyny görkezen uruş weteranlarymyzyň, şol pajygaly döwri başdan geçiren enelerimiziň, gaýduwsyzłyk bilen zähmet çeken raýatlarymyzyň sylag-hormaty örän ýokarydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen täze taryhy döwrümizde bütin adamzadyň azatlygy we erkinligi ugrunda göreşen, gije-gündiz zähmet çekip, şanly Ýeňşi ýakynlaşdyran edermen watandaşlarymyzyň mertebesi belent tutulýar. Çünki ýeňşe bolan beýik ynam müňlerçe türkmenistanlyny beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen jebisleşdirip, türkmen esgerleri söweş meýdanlarynda edermenligiň, batyrlygyň, gaýduwsyzlygyň ýokary nusgasyny görkezdiler. Şolaryň hatarynda Milli Liderimiziň atasy hem-de hormatly Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň bolandygyny ýatlamak gerek. Onuň durmuş ýoly täze taryhy eýýamda ýaşlar üçin watansöýüjiligiň, harby we raýatlyk borja wepalylygyň beýik nusgasyna öwrüldi.
Ýeňiş gününde Aşgabat şäherindäki «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna, ähli şäherlerimizdir obalarymyzda umumymilli hakydanyň mukaddes ýerlerine öwrülen ýadygärliklere ter gül desseleri goýlup, hakyky Watan ogullarynyň ýagty ýadygärligini hatyralamak asylly däbe öwrüldi. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gahrymanlaryň öçmejek harby we zähmet edermenligini beýan edýän, bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän aýdym-sazly çäreler, sergilerdir maslahatlar guralýar. Ähli edara-kärhanalarda, harby bölümlerde, orta we ýokary okuw mekdeplerinde uruş weteranlary, arzyły Ýeňşi gazanmaga uly goşant goşan milli gahrymanlarymyz, kümüş saçly enelerimiz, zähmetkeşler bilen ýaş nesli belent watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge ýardam edýän duşuşyklar geçirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýokary halkara abraýyny üpjün edýär. Merdana pederlerimiziň deňsiz-taýsyz edermenligine uly sarpa goýup, parahatçylyk, dostluk hem-de ynanyşmak ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Altyn GOÝMADOWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.