3 — 8-nji maý aralygynda Gresiýa Respublikasynyň Saloniki şäherinde matematika dersi boýunça geçirilen 43-nji Halkara Balkan matematika olimpiadasynda türkmen ýaşlary üstünlikli çykyş etdiler.
Olimpiada dünýäniň 24 döwletinden 148, şol sanda ýurdumyzdan 6 okuwçy gatnaşdy. Olar matematika dersi boýunça dünýäniň iň zehinli ýaşlaryny bir ýere jemlän bäsleşikde matematiki amallary ussatlyk bilen ýerine ýetirip, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede, takyk ylym boýunça geçirilen halkara bäsleşikde ýurdumyza wekilçilik eden okuwçylar 1 altyn, 1 kümüş we 3 bürünç, jemi 5 medala mynasyp bolmagy başardylar.
Has takygy, Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Mälikşa Meýlismyradow altyn medala mynasyp bolsa, paýtagtymyzdaky matematika we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Söýünmuhammet Geldimämmedow kümüş, şol mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Begenç Akmyradow, 10-njy synp okuwçysy Ýunus Orazow, Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Hemra Gurbanow dagy bürünç medallary gazandylar.
«THE ASHGABAT TIMES».