Dark
Light
17.05.2026
hatyraa THE ASHGABAT TIMES

Hiç kim ýatdan çykarylmaýar!

06.05.2026

Ata Watanymyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenilýär. Ýurdumyzda bu urşa gatnaşan weteranlara, söweşde wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna, tylda zähmet çekenlere uly sarpa goýulýar. Halk gahrymanlary döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn üns-alada bilen gurşaldy. Weteranlaryň saglygy, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagy bilen bagly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar.

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli dabaralaryň guralýan pursatlarynda 2-nji ukrain frontunyň 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagy Russiýadan Türkmenistana getirildi. Şol baýdagyň astynda edermen we gaýduwsyz esger Berdimuhamet Annaýew söweşipdir. Şunuň bilen baglylykda, Watan ugrundaky söweşde görkezen şahsy edermenligi, batyrlygy, gaýduwsyzlygy, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda harby borjuny birkemsiz ýerine ýetirendigi üçin Berdimuhamet Annaýewe Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — «Edermenligi üçin» medaly berildi.

Ýeri gelende bellesek, türkmen halkynyň milli gymmatlygy we buýsanjy bolan ahalteke bedewleri köp asyrlaryň dowamynda gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň wepaly dostlaryna, ýakyn hemralaryna öwrülip, Ikinji jahan urşy ýyllarynda 97-nji we 98-nji türkmen atly diwiziýalary döredildi. Olaryň esgerleri iň bir gazaply söweşlere gatnaşyp, gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezdiler. Watandaşlarymyzyň müňlerçesiniň orden-medallar bilen sylaglanandygyny hem buýsançly ýatlamak gerek. Türkmenistanly esgerleriň ýüzden gowragy bolsa «Gahryman» diýen belent derejä mynasyp boldular

Her bir güni buýsançly wakalara beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem paýtagtymyzda, welaýat we etrap merkezlerinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyrylýar. Aşgabat şäherindäki «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna, ähli şäherlerimizdir obalarymyzda milli hakydamyza öwrülen ýadygärliklere ter gül desseleri goýulýar. Ýeňiş güni mynasybetli aýdym-sazly medeni-jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär, uruş weteranlaryna baýramçylyk sowgatlary gowşurylýar. Munuň özi milli gahrymanlarymyza goýulýan çäksiz sarpanyň aýdyň güwäsidir.

Sapardurdy JUMADURDYÝEW,
TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň Garaşsyzlyk etrap wekili.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

pile THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýüpekçilik – ykdysadyýetiň möhüm pudagy

haj zyyarat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

289 zyýaratçy haj parzyny berjaý etmäge iberiler

Soňkylar Makalalar

Döwlet nyşanlaryna belent sarpa

15.05.2026
Ýurdumyzyň esasy Döwlet nyşanlary bolmak bilen, Esasy Kanunymyz we ýaşyl Tugumyz täze taryhy eýýamda döwletliligimiziň mizemez sütünleri hökmünde çykyş edýär. Bu iki mukaddeslik diňe

Konstitusiýa we baýdak – mizemez mukaddeslikler

15.05.2026
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde her bir şanly sene halkymyzyň taryhy buýsanjyny, milli agzybirligini we döwletlilige bolan belent hormatyny dabaralandyrýar. Şeýle ajaýyp baýramlaryň biri

Matematikany okatmagyň usulyýetiniň wezipeleri

14.05.2026
Matematikany okatmagyň usulyýeti pedagogika ylmynyň aýrylmaz bölegi bolup, ol ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny, usullaryny we guramaçylyk şertlerini ylmy esasda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Iňlis dilini öwretmekde pedagogik wezipeler

14.05.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyz nesilleriň ählitaraplaýyn terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin döwletiň, jemgyýetiň öňünde uly wezipeleri
GitTop