Dark
Light
12.06.2026
unnamed THE ASHGABAT TIMES

Hoşsözlülik – diplomatiýanyň ýumşak güýji

04.05.2026

Ses perdeleriniň titremeginden emele gelýän fiziki hadysanyň önümi bolan söz halkara gatnaşyklarynda nähili täsir edýär?

Häzirki wagtda dünýäde syýasy dartgynlyklar, düşünişmezlikler we bähbitleriň çaknyşygy artýan bir döwürde döwletleriň arasynda diňe güýç ýa-da ykdysady mümkinçilikler däl, eýsem söz medeniýeti hem möhüm ähmiýete eýe bolýar. Hut şu nukdaýnazardan seredeniňde, hoşsözlülik, ýagny sypaýy, hormat goýýan we paýhasly sözlemek üstünlikli diplomatiýanyň esasy gurallarynyň biri hökmünde çykyş edýär.

Diplomatiýa sungatynda söz iň täsirli gurallaryň biridir. Diplomatlar diňe bir resmi beýannamalar bilen çäklenmän, gepleşikleriň äheňi, sözleriň saýlanylyşy arkaly hem gatnaşyklaryň ugruny kesgitleýärler. Şonuň üçin hem hoşsözlülik diplomatiýanyň “görünmeýän güýji” hasap edilýär. Taryhy mysallar muny doly tassyklaýar. Mysal üçin, Camp David Accords gepleşiklerinde ABŞ-nyň Prezidenti Jimmy Karter taraplaryň arasynda ynam döretmek üçin diňe syýasy däl, eýsem şahsy gatnaşyklara hem aýratyn üns berdi. Onuň sypaýylygy we sabyrlylygy uzak ýyllaryň parahatçylyk ýörelgesine öwrüldi.

Türkmenistan hem hoşsözlülik ýörelgelerine esaslanýan diplomatiýa bilen tanalýar. Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň özeni bolup durýan hemişelik Bitaraplyk halkara derejesinde giň goldawa eýe boldy. 1995-nji ýylda BMG tarapyndan kabul edilen bu dereje Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hormat goýmak we dialog arkaly meseleleri çözmek ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär. Şeýle hem türkmen diplomatiýasynyň tejribesinde halkara forumlar, maslahatlar we gepleşikler dowamynda sypaýylygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň ileri tutulýandygyny görmek bolýar. Bu bolsa ýurduň abraýyny ýokarlandyrmaga, hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam edýär.

Hoşsözlülik ynamy döretmegiň, düşünişmegi gazanmagyň we dartgynly ýagdaýlary ýumşatmagyň möhüm serişdesidir. Şonuň üçin häzirki zaman diplomatiýasynda “ýumşak güýç” hökmünde çykyş edýän bu häsiýet aýratyn ähmiýete eýedir. Netijede, hoşsözlülik ynsan kalbynyň şuglasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem döwletleriň arasynda dostluk köprülerini gurýan güýçli diplomatik guraldyr. Şonuň üçin her bir ýaş diplomat bu häsiýeti özünde ösdürmeli, sebäbi üstünlikli gepleşikleriň açary, köplenç, sözüň täsirinde bolýar. 

Berdigylyç ÝAZMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ykdysady 2024 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Şöhratly döwrüň beýik işleri

kitaphana 255 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Kitaphana işiniň döwrebaplygy

Soňkylar Makalalar

Zergärçilik sungatynda sagatlaryň çeper bezegi

08.06.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz goldawlary netijesinde türkmen amaly-haşam sungatynyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ylmy esasda öwrenmekde we

Mekdebe çenli döwürde

06.06.2026
Ynsan gurluşynyň, onuň dünýägaraşynyň we zehin binýadynyň iň çalt kemala gelýän döwri — mekdebe çenli ýaşdyr. Şonuň üçin hem bilim ulgamyndaky islendik özgertmäniň gözbaşy

Okgunly ösüşleriň binýady

06.06.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir güni şanly wakalara, ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýoluny mynasyp dowam etdirýän
GitTop