Häzirki döwürde ýurdumyzda kitaphana işi giň gerim bilen ösdürilýär. Medeniýetiň esasy ugurlarynyň biri bolan kitaphanalaryň işiniň döwrebaplaşdyrylmagy kitaphana işgärleriniň işini ýeňilleşdirmek bilen birlikde, olaryň öňünde has-da jogapkärli wezipeleri goýýar. Ýurdumyzyň syýasatda, medeniýetde, ykdysadyýetde, bilimde, ylymda gazanýan üstünliklerini giň okyjylar köpçüligine ýetirmekde kitaphana işgärleriniň orny uludyr.
2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kitaphana işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine gönükdirilendir. Tehnologiýalaryň ösmegi bilen, elektron kitaphanalary jemgyýetde uly meşhurlyga eýe bolýar. Bitewi elektron kitaphana ulgamynyň (BEKU) ýurdumyzyň kitaphanalaryna köpçülikleýin ornaşdyrylyp, halkara giňişligine çykarylmagyny gazanmak ugrunda netijeli işler geçirilýär.
Sanly kitaphana ulgamynyň çäklerinde kitaphanalardan peýdalanyjylar üçin maglumat üpjünçiligini häzirki zaman kämil derejä ýetirmek, Bitewi elektron kitaphana ulgamynyň işini dünýäniň ösen kitaphana ulgamy bilen utgaşdyrmak, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Elektron sanaw Türkmenistanyň tutuş kitap gaznalaryny öz içine alýar. Elektron kitaphanasynyň bolmagy sanly görnüşe geçirilen ýazgylardan peýdalanmaga, kitaplaryň elektron görnüşlerini almaga şert döredýär. Bu kitaphanada türkmen, rus, iňlis we beýleki dillerde çagalar, çeper, ylmy we beýleki ýöriteleşdirilen edebiýatlar bar.
Ýurdumyzda döredilen elektron kitaphana ulgamy üçin buýurmalar esasynda kitaplaryň elektron görnüşini taýýarlamak we kitaphanalara elýeterli etmek, okuw-usuly, ylmy edebiýatlary, dissertasiýalary, çeper eserleri, ensiklopediýalary, sözlükleri, şeýle hem daşary ýurtly awtorlaryň eserleriniň, ylmy işleriniň, okuw kitaplarynyň türkmen diline terjimelerini neşir etmek, olary kitaphanalara ýaýratmak, elektron nusgalaryny okyjylar üçin elýeterli etmek wezipeleri durmuşa geçirilýär. Biz – kitaphanaçylara giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbsolun aýdýarys.
Parahat ALLABERDIÝEWA,
Döwletli etrabynyň Dostluk şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.