Dark
Light
10.06.2026
konstitit THE ASHGABAT TIMES

Konstitusiýa we baýdak – mizemez mukaddeslikler

15.05.2026

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde her bir şanly sene halkymyzyň taryhy buýsanjyny, milli agzybirligini we döwletlilige bolan belent hormatyny dabaralandyrýar. Şeýle ajaýyp baýramlaryň biri hem her ýylyň 18-nji maýynda bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň günüdir. Bu şanly sene milli döwletliligimiziň iki beýik nyşanyny — Esasy Kanunymyzy hem-de ýaşyl tugumyzy bitewi bir many-mazmunda birleşdirýär.

Ýurdumyzda her ýylyň 18-nji maýynda giňden bellenip geçilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni Garaşsyz döwletine, özygtyýarly ösüş ýoluna eýe bolan türkmen halkynyň çäksiz buýsanjyny ýüze çykarýar. Häzirki wagtda bu döwlet nyşanlarymyz agzybirligimizi we bitewüligimizi alamatlandyryp, demokratik, hukuk, dünýewi döwlet, adalatly raýat jemgyýeti baradaky milli düşünjelerimizi özünde jemleýär.

Bilşimiz ýaly, 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi türkmen halkynyň iň täze taryhynda möhüm waka boldy. Konstitusiýa ýurdumyzyň hukuk binýady, jemgyýetçilik durmuşynyň berk daýanjy we demokratik ösüşleriň ýol görkeziji resminamasy bolup, ol halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren adalatlylyk, ynsanperwerlik we agzybirlik ýaly asylly ýörelgelerini özünde jemleýär. Esasy Kanunymyzda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýilýär. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlar bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Döwlet baýdagymyz jebisligimiziň, parahatçylyk söýüjilik, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerimiziň mukaddes nyşany hökmünde belentde parlaýar. Baýdagymyzyň ýaşyl reňki parahatçylygy, abadançylygy we ýaşaýşy alamatlandyryp, ondaky bäş sany haly göli ýurdumyzyň bäş welaýatynyň agzybirligini, zeýtun şahalary bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny aňladýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni her birimiziň ýüregimizde döwletlilige bolan hormaty, Watana bolan söýgini we raýatlyk jogapkärçiligini has-da pugtalandyrýar. Bu mukaddesliklere wepaly bolup, Konstitusiýamyzyň kadalaryny gyşarnyksyz berjaý etmek we ýaşyl tugumyzyň abraýyny has-da belende götermek her bir türkmen raýatynyň mukaddes borjudyr.

Kamila MARAWAÝEWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň iňlis dili mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

minmohmi cooperation in adolescent rh THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

UNFPA ýetginjekleriň reproduktiw saglygy we ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ilerletmek boýunça duşuşyk geçirdi

gadamly garsy alys THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Gadamly» gury ýük gämisi Baku Halkara deňiz söwda portunda garşy alyndy

Soňkylar Makalalar

Zergärçilik sungatynda sagatlaryň çeper bezegi

08.06.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz goldawlary netijesinde türkmen amaly-haşam sungatynyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ylmy esasda öwrenmekde we

Mekdebe çenli döwürde

06.06.2026
Ynsan gurluşynyň, onuň dünýägaraşynyň we zehin binýadynyň iň çalt kemala gelýän döwri — mekdebe çenli ýaşdyr. Şonuň üçin hem bilim ulgamyndaky islendik özgertmäniň gözbaşy

Okgunly ösüşleriň binýady

06.06.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir güni şanly wakalara, ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýoluny mynasyp dowam etdirýän
GitTop