Dark
Light
08.09.2026
matemm THE ASHGABAT TIMES

Matematikany okatmagyň usulyýetiniň wezipeleri

03.05.2026

Matematika biliminiň mazmunynyň döwrebaplaşdyrylmagy bu dersi okatmagyň usulyýetiniň öňünde täze wezipeleri goýýar. Matematikany okatmagyň usulyýeti diňe bir bilim bermek däl, eýsem, okuwçylaryň logiki pikirlenmesini ösdürmek we olarda ylmy dünýägaraýşy kemala getirmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Bu dersiň okadylyşynda öňde durýan esasy wezipeleriň biri okuwçylara matematiki bilimleriň ulgamyny çuňňur we yzygiderli öwretmekden ybaratdyr. Şunda nazary bilimleriň amalyýet bilen utgaşmagy meseleleri çözmegiň dürli usullarynyň ele alynmagy esasy şert bolup durýar.

Usulyýet nukdaýnazaryndan seredilende, matematikany okatmagyň terbiýeçilik we ösdürijilik wezipeleri aýratyn orna eýedir. Matematika okuwçynyň zehinini ýiteldýär, onuň ünsüni bir ýere jemlemek ukybyny, takyklygy we yzygiderliligi terbiýeleýär. Mugallymyň wezipesi bolsa formulalaryň gelip çykyşyny we gündelik durmuşda nähili ulanylýandygyny düşündirmekdir. Häzirki wagtda okuw prosesine täze tehnologiýalaryň we interaktiw usullaryň ornaşdyrylmagy matematikanyň has-da düşnükli we gyzykly bolmagyna ýardam edýär.

Şeýle hem matematikany okatmagyň usulyýetiniň möhüm wezipeleriniň biri okuwçylaryň özbaşdak işlemek endiklerini kemala getirmekdir. Bu bolsa geljekki hünärmenleriň islendik çylşyrymly ýagdaýda dogry çözgüt tapyp bilmegine itergi berýär. Şol sebäpli hem matematika dersiniň mazmuny we ony okatmagyň usullary yzygiderli kämilleşdirilip, olar häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirilmelidir. Munuň özi okuwçynyň ylym-bilim dünýäsine bolan höwesini artdyrmak bilen bir hatarda, onuň intellektual derejesiniň ýokarlanmagyna uly goşant goşýar.

Ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde matematika dersini okatmagyň hili döwrebap tehnologiýalar we kämil okuw maksatnamalary esasynda yzygiderli ýokarlanýar. Ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny logiki pikirlenmegi ösdürmäge, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaga hem-de nazaryýeti amalyýet bilen utgaşdyrmaga gönükdirilendir. Bilim ulgamynda döredilýän şeýle giň mümkinçilikler ýaşlaryň dünýä derejesinde bäsleşige ukyply hünärmenler bolup ýetişmegine uly itergi berýär. Şeýle döwrebap şertleri döredip, ylym-bilim ýolunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadaly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

Allamyrat MÄMMEDOW,
Mary etrabynyň Çary Gurbangylyjow adyndaky 19-njy orta mekdebiniň okuw işleri boýunça orunbasary.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

hatyra halk THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Milli gahrymanlarymyza şöhrat!

ykdysady 2024 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Şöhratly döwrüň beýik işleri

Soňkylar Makalalar

Kitaba sarpa – durmuşa söýgi

07.09.2026
Kitap milli medeniýetiň ölçeg daşydyr. Kitaba, çeper edebiýata, döredijilige aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň eserleri ýaş nesliň kalbyna milli ruhy gymmatlyklaryň

Döwrebap bilim ojagy – milli pedagogikanyň binýady

07.09.2026
Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyp

Kitaba bolan söýgi maşgaladan başlanýar

05.09.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde mugallymlar, talyp ýaşlar we okuwçylar bilen geçiren umumy okuw sapagynda

Türkmenistan – bilimler ýurdy

04.09.2026
Altyn güýzüň ilkinji gününde — 1-nji sentýabrda Türkmenistan döwletimiziň ähli okuw mekdeplerinde täze — 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy. Bilimler we

Döwletli geňeş – berkarar geljek

04.09.2026
Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan döwletlilik mekdebi halka sala salmak, il-günüň agzybirligine hem-de pederlerimizden dowam edip gelýän parasatly durmuş ýörelgelerine daýanmak ýaly belent gymmatlyklardan gözbaş
GitTop