Dark
Light
07.10.2026
hatyra halk THE ASHGABAT TIMES

Milli gahrymanlarymyza şöhrat!

03.05.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda  1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenilýär. Munuň özi Watana çyn ýürekden hyzmat etmegiň göreldesini görkezen gahrymanlarymyza goýulýan çuňňur hormatyň, şeýle hem türkmen halkynyň parahatçylyga, ynsanperwerlige we döredijilige üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň nyşanydyr.

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş dünýäniň parahatçylyk söýüji halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň gije-gündiz arman-ýadaman çeken zähmetiniň netijesidir. Çünki ýeňşe bolan beýik ynam müňlerçe türkmenistanlyny beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen jebisleşdirdi. Türkmen esgerleri söweş meýdanlarynda edermenligi, batyrlygy, gaýduwsyzlygy hemra edinip, öz janlaryny gaýgyrman söweşdiler. Şolaryň hatarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň atasy hem-de hormatly Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň bolandygyny ýatlamak gerek. Onuň durmuş ýoly täze taryhy eýýamda ýaşlar üçin watansöýüjiligiň, harby we raýatlyk borja wepalylygyň beýik nusgasyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli dabaralaryň guralýan pursatlarynda 2-nji ukrain frontunyň 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagy Russiýadan Türkmenistana getirildi. Şol baýdagyň astynda edermen we gaýduwsyz esger Berdimuhamet Annaýew söweşipdir. Şunuň bilen baglylykda, Watan ugrundaky söweşde görkezen şahsy edermenligi, batyrlygy, gaýduwsyzlygy, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda harby borjuny birkemsiz ýerine ýetirendigi üçin Berdimuhamet Annaýewe Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — «Edermenligi üçin» medaly berildi.

Mähriban topragyň edermen goragçylary bolan gahrymanlary sarpalamak türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän gadymy däpleriniň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň weteranlary döwlet tarapyndan aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. Uruş weteranlaryny we şol ýyllarda yhlasly zähmet çekenleri mynasyp durmuş derejesi bilen üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Weteranlar, tylda zähmet çekenler we urşuň yzynda galan zenanlar üçin durmuş ýeňillikleri döredilýär we olar üçin ähli zerur şertler üpjün edilýär. Her ýylda Beýik Ýeňşiň hormatyna uruş weteranlaryna, urşuň yzynda galanlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sylaglary we sowgatlar gowşurylýar.

Merdana pederlerimiziň deňsiz-taýsyz edermenligine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Merdan KAKAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistranty.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

pakistan goni cd4b1303679288700d79aeddabbff9b1 sm THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan we Pakistan göni howa gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

matemm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Matematikany okatmagyň usulyýetiniň wezipeleri

Soňkylar Makalalar

Bagtyýar çagalar – ýagty ertirlerimiziň umydy

06.10.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,
GitTop