Dark
Light
10.06.2026
gadamly gami THE ASHGABAT TIMES

Milli gämi gurluşygynda tejribeleri artdyryp

13.05.2026

Türkmenistanda gämi gurluşygy täze we strategik senagat pudagydyr. Hormatly Prezidentimiziň 8-nji maýda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde «Gadamly» atly täze gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegine ak pata bermegi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy wakalarynyň biri boldy. 9-njy maýda bolsa bu ýerdäki döwrebap Halkara deňiz portunda duran gämide Döwlet baýdagymyz galdyrylyp, onuň dabaraly ýagdaýda ilkinji halkara ýüzüşine ugradylmagy ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamyndaky, hususan-da, deňiz we derýa ulaglary pudagyndaky işleriň täze sepgitlere çykýandygyny alamatlandyrdy.

Ýurdumyzda ulanmaga berilýän köp sanly durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň hatarynda ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişli desgalaryň hem bolmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Türkmenistan ösen senagat döwletine öwrülmek bilen, ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna çalt depginde goşulyşýar. Halkara söwda ugurlarynyň strategik taýdan ähmiýetli çatrygynda ýerleşen ýurdumyzyň üstaşyr ulag kuwwatyny has doly amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hökmünde bu gadymy ýoluň innowasion taýdan täzeden dikeldilmeginde möhüm orny eýeleýär. Gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýoly diňe ykdysady bähbidi we söwda gatnaşyklary ösdürmegi aňlatmaýar. Bu ulag geçelgesi köp asyrlaryň dowamynda halklaryň arasynda dostlugy berkidip, Gündogaryň we Günbataryň medeniýetlerini ýakynlaşdyrypdyr.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda täze «Gadamly» gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegi Türkmenistanda deňiz we derýa ulaglarynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça iri taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini ýene-de bir gezek subut etdi. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýurdumyzyň ulag ulgamynda möhüm halka bolup hyzmat edýär. Onuň düzümine nebit guýujy, parom, ýolagçy we ýük terminallary girýär. Port Hazar deňziniň üsti bilen üstaşyr ýük daşalyşyny yzygiderli üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň ýükleri demir ýol arkaly Hazaryň kenaryna gelýär, şol ýerden deňziň üsti bilen goňşy döwletlere ugradylýar. Bu bolsa Türkmenistanyň «deňiz derwezesiniň» sebit derejesindäki ähmiýetini artdyrýar. Ol Ýewraziýa giňişliginde yklymüsti ykdysady gatnaşyklary ösdürmek bilen baglylykda netijeli hyzmatdaşlyk üçin oňaýly şertleri döredýär.

Şeýle iri taslamalary durmuşa geçirmegi «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň uly mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylýandygynyň güwäsidir. Zawodyň önümçilik kuwwatlylygy ýylda 10 müň tonna polady işlemäge, 4 sany gämini gurmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, 20 — 30 sany kiçi we orta göwrümli gämide abatlaýyş-bejeriş işlerini ýokary hilli alyp barmaga şertler döredilen. Şunda ýerine ýetirilýän işleriň döwrebap tehnologik enjamlara, awtomatlaşdyrylan ulgamlara daýanmagy hyzmatlaryň ýokary hilliligini üpjün edýär. 

Kasymmyrat DURDYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

Aşgabat şäherinde «Türkmenistan we halkara hukugy: bitaraplyk tejribesi we hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
Öňki taryh

Aşgabat şäherinde «Türkmenistan we halkara hukugy: bitaraplyk tejribesi we hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

ykdysady maksatnama THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bu döwür – beýik işleriň döwri

Soňkylar Makalalar

Zergärçilik sungatynda sagatlaryň çeper bezegi

08.06.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz goldawlary netijesinde türkmen amaly-haşam sungatynyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ylmy esasda öwrenmekde we

Mekdebe çenli döwürde

06.06.2026
Ynsan gurluşynyň, onuň dünýägaraşynyň we zehin binýadynyň iň çalt kemala gelýän döwri — mekdebe çenli ýaşdyr. Şonuň üçin hem bilim ulgamyndaky islendik özgertmäniň gözbaşy

Okgunly ösüşleriň binýady

06.06.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir güni şanly wakalara, ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýoluny mynasyp dowam etdirýän
GitTop