Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan şähergurluşyk syýasatynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ak mermerli paýtagtymyzyň ösüşiň hem-de gözelligiň şäheri hökmünde dünýädäki at-abraýy barha artýar. Şoňa görä-de, gözel paýtagtymyz Aşgabat dünýä kartasynda adamzadyň medeni ösüşiniň esasy merkezleriniň biri hökmünde möhüm orny eýeleýär.
Giň gerimli gurluşyk maksatnamalarynyň amala aşyrylmagy bilen, häzirki döwürde Aşgabat sebitiň innowasion, ylym-bilim, medeniýet we senagat merkezi hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Merjen paýtagtymyz ― gözellikde dünýä nusgalyk şäher. Şäheriň aklygy halkymyzyň ak ýüreginiň, ak arzuwlarynyň, päk dilegleriniň özboluşly nyşanydyr. Şoňa görä-de, 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde paýtagtymyz Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 2013-nji ýyldan başlap, her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni dabaraly bellenilip başlandy.
Hormatly Arkadagymyz «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda: «Ýurdumyzyň şäherleriniň her biriniň özboluşly gözelligi bar. Paýtagtymyz Aşgabat bolsa şolardaky gözellikleriň baryny özünde jemleýän şäher. Onda tebigatyň täsinlikleri hem-de adam eli bilen döredilen ajaýyplyklar özboluşly sazlaşyga girýär. Aşgabadyň keşbinde diňe bir tebigatyň dürli gözellikleri däl, eýsem, döwürler hem bir sazlaşyga girýärler» diýip nygtaýar. Şu jähetden, Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanylan ägirt uly şähergurluşyk taslamalarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilmegi aýratyn taryhy ähmiýete eýedir.
Goý, ak şäherimiz Aşgabady dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwürmekde, ýurdumyzy gülledip ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Parahat BAÝSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy, polisiýanyň leýtenanty.