Dark
Light
08.09.2026
kitap intizar THE ASHGABAT TIMES

Paýhas äleminiň şamçyragy

12.05.2026

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäniň we döwrüň ösüşi bilen deň gadam urýan Watanymyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Bagtyýar ýaşlar ähli amatlyklar bilen üpjün edilen kitaphanalarda türkmen we dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynyň dürdäneleri, häzirki zaman ýazyjylarynyň naýbaşy eserleri, ylym-bilim ugruna degişli gymmatly işler bilen ýakyndan tanşyp bilýärler.

Kitap — paýhas ummanyndaky ýolgörkeziji şamçyrag. Taryh adamzadyň hat-ýazuwy oýlap tapanyndan soň, hemme ugurda kämilleşip, uly üstünlikleri gazanandygyna şaýatlyk edýär. Ondan ozal jemgyýet üçin peýdaly maglumatlar dilden-dile geçip gelipdir. Ýazuwyň we kitaplaryň döremegi maglumatlaryň ýaýradylmagyny we geljekki nesiller üçin saklanylmagyny üpjün edipdir.

Adamyň durmuşynda kitap irki çagalyk döwründe peýda bolýar. Okamagy we ýazmagy öwrenmänkä ata-eneleriň kitapdan okap ýa-da ýatdan aýdyp berýän ertekileridir rowaýatlary hem-de kitaplardaky owadan suratlar çagalarda bilesigelijiligi, okamaga, öwrenmäge bolan höwesi döredýär. Olaryň üsti bilen okamagy, dünýä akyl ýetirmegi, başgalaryň duýgularyna düşünmegi we duýgudaşlyk etmegi öwrenýäris. Wagtyň geçmegi bilen ertekileriň ornuny nusgawy edebiýatyň eserleri, olaryň ýerini bolsa ylym-bilim, hünär bilen baglanyşykly kitaplar eýeleýär. Kitaby durmuş hemrasyna öwren adam aň-düşünje we ruhy-ahlak taýdan kämilleşýär, hünär babatda ussatlyga ýetýär.

Gadymy döwürlerde kitaplar diňe akyldarlar we gurply adamlar üçin elýeterli baýlyk bolan bolsa, häzir ýagdaý düýbünden başgaça. Indi olar isleg bildirýän her bir adama gujak açýar. Internet ulgamy bolsa müňlerçe kilometr uzakdaky kitaphanalarda saklanýan kitaplar ýa-da birnäçe gün öň çapdan çykan eserler bilen oturan ýeriňden tanyşmaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin biz ― häzirki ýaşlar ― bagtly nesiller. Çünki kitaplaryň kömegi bilen isle, aň-paýhas ummanyna, isle-de, gyzykly başdangeçirmeleriň ýurduna gaýybana syýahat etmäge mümkinçiligimiz bar.

Mahlasy, kitaplar bilen söhbet bize öwrenmäge, bilim gorumyzy artdyrmaga we kämillige ymtylmaga giň ýol açýar. Şeýle baýlykdan peýdalanyp, paýhas ummanyny gulaçlamak bolsa her birimiziň borjumyzdyr.

Maral ALLABERDIÝEWA,
Döwletli etrabynyň Dostluk şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

dasary isler minstrliginin halkara gatnasyklar instituty THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda III halkara bäsleşigiň açylyş dabarasy geçirildi

1778561524456 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Peýdaly gazyndy ýataklaryny çaklamakda neýron torlarynyň ulanylyşy: Sanly geologiýanyň geljegi

Soňkylar Makalalar

Kitaba sarpa – durmuşa söýgi

07.09.2026
Kitap milli medeniýetiň ölçeg daşydyr. Kitaba, çeper edebiýata, döredijilige aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň eserleri ýaş nesliň kalbyna milli ruhy gymmatlyklaryň

Döwrebap bilim ojagy – milli pedagogikanyň binýady

07.09.2026
Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyp

Kitaba bolan söýgi maşgaladan başlanýar

05.09.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde mugallymlar, talyp ýaşlar we okuwçylar bilen geçiren umumy okuw sapagynda

Türkmenistan – bilimler ýurdy

04.09.2026
Altyn güýzüň ilkinji gününde — 1-nji sentýabrda Türkmenistan döwletimiziň ähli okuw mekdeplerinde täze — 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy. Bilimler we

Döwletli geňeş – berkarar geljek

04.09.2026
Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan döwletlilik mekdebi halka sala salmak, il-günüň agzybirligine hem-de pederlerimizden dowam edip gelýän parasatly durmuş ýörelgelerine daýanmak ýaly belent gymmatlyklardan gözbaş
GitTop