Dark
Light
13.05.2026
hatyra 9 may THE ASHGABAT TIMES

Pederleriň edermenligi – görelde mekdebi

07.05.2026

Şu ýyl Ýer ýüzünde adamzadyň beýik gymmatlyklary bolan parahatçylygy we ynsanperwerligi dabaralandyrýan sene ― 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenilýär. Munuň özi Watana çyn ýürekden hyzmat etmegiň göreldesini görkezen gahrymanlarymyza goýulýan çuňňur hormatyň, şeýle hem türkmen halkynyň parahatçylyga, ynsanperwerlige we döredijilige üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň nyşanydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen täze taryhy döwrümizde bütin adamzadyň azatlygy we erkinligi ugrunda göreşen, gije-gündiz zähmet çekip, şanly Ýeňşi ýakynlaşdyran edermen watandaşlarymyzyň mertebesi belent tutulýar. Şolaryň hatarynda Milli Liderimiziň atasy hem-de hormatly Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň bolandygyny ýatlamak gerek. Onuň durmuş ýoly täze taryhy eýýamda ýaşlar üçin watansöýüjiligiň, harby we raýatlyk borja wepalylygyň beýik nusgasyna öwrüldi.

Watanymyzyň azatlygyny we erkinligini goramak ugrunda gahrymanlyk görkezen pederlerimiziň şöhraty baradaky ýatlamalar taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Mähriban topragyň edermen goragçylary bolan gahrymanlary sarpalamak bolsa türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän gadymy däpleriniň biri bolup durýar. Şunda gazaply söweş meýdanlarynda wepat bolan we Ýeňiş bilen öýlerine dolanan türkmenistanly esgerleriň atlarynyň «Hatyra», «Şöhrat» atly köp jiltli neşirlere girizilendigini bellemek gerek.

Merdana pederlerimiziň deňsiz-taýsyz edermenligine uly sarpa goýup, parahatçylyk, dostluk hem-de ynanyşmak ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Gülüstan NURGELDIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika fakultetiniň mekdebe çenli bilim we terbiýe hünäriniň 110-njy toparynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

27092023 001 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

“Ýaşlyk” teleradioýaýlymynyň ýolbaşçysy bellenildi

whatsapp image 2026 05 06 at 18.10.23 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän CARAVAN taslamasy: Türkmenistanda kontent döredijileri goldamak

Soňkylar Makalalar

Berkararlygyň goşa sütüni

13.05.2026
Ýurdumyzyň esasy Döwlet nyşanlary bolmak bilen, Esasy Kanunymyz we ýaşyl Tugumyz täze taryhy eýýamda döwletliligimiziň mizemez sütünleri hökmünde çykyş edýär. Bu iki mukaddeslik diňe

Bu döwür – beýik işleriň döwri

13.05.2026
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek ileri tutulýan ugurlaryň

Milli gämi gurluşygynda tejribeleri artdyryp

13.05.2026
Türkmenistanda gämi gurluşygy täze we strategik senagat pudagydyr. Hormatly Prezidentimiziň 8-nji maýda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde «Gadamly» atly täze gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegine

Paýhas äleminiň şamçyragy

12.05.2026
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäniň we döwrüň ösüşi bilen deň gadam urýan Watanymyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär.
GitTop