Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy üçin ägirt uly tagallalar edilýär hem-de ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda temmäki önümleri bolan, adam saglygyna zyýan ýetirýän çilimiň we nasyň garşysyna barlyşyksyz göreş alnyp barylýar. Biziň ýurdumyzda çilim çekmegi gadagan etmek hakynda, temmäki önümi bolan nasy Türkmenistanda öndürmegi, ýerlemegi, ulanmagy we ýurdumyza getirmegi gadagan etmek hakynda kanunçylyk namalary hereket edýär.
Ýaramaz endiklerden daşda durup, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak sagdyn endikleri gazanmaga hem-de sagdyn jemgyýeti gurmaga ýardam edýär. Ýurdumyzda zyýanly endiklere garşy göreşmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatda uly işler işler alnyp barylýar. Şunda temmäki diňe bir zyýanly endik bolman, eýsem adamzat saglygyna we dünýä ykdysadyýetine düýpli zeper ýetirýän global meseleleriň biridir. Häzirki wagtda temmäki önümleri dünýäde öňüni alyp boljak ölümçilik sebäpleriniň başynda durup, onuň düzümindäki nikotin güýçli öwrenişme döredýär, ýanan wagty bölünip çykýan 7000-den gowrak zäherli himiki madda bolsa bedeni içinden weýran edýär. Bu madda ilki bilen dem alyş ulgamyna zarba urup, öýken ragy, dowamly bronhit we emfizema ýaly agyr kesellere eltýär.
Mundan başga-da, temmäki damarlary daraldyp, gan basyşyny ýokarlandyrmak bilen insult töwekgelçiligini birnäçe esse artdyrýar. Onuň mutagen täsiri diňe bir öýken däl, eýsem bokurdak, agyz boşlugy we beýleki agzalarda hem onkologik keselleriň döremegine sebäp bolýar. Şoňa görä-de, köpçüligiň we ýaşlaryň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat işleri, çilimiň saglyga zyýanly täsiri barada halka ýetirilýän maglumatlar, jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmegi gadagan edýän resminamanyň kabul edilmegi özüniň oňat netijelerini berýär. Munuň özi müňlerçe adamyň saglygynyň temmäkiniň zyýanly täsirinden goralmagyna mümkinçilik berýär.
Halkymyzyň abadan durmuşda asuda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, belent maksatlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Gülşat ÝOLDAŞOWA,
TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň statisti.