Dark
Light
15.09.2026
emblema 2026 THE ASHGABAT TIMES

Şanly ýylyň şygary – ýürekleriň kelamy

20.05.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanyna şan goşýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly Watanymyzyň şöhratly taryhynda täze sahypany ýazýar. Asylly däbe eýerilip, her bir ýylyň özüne mynasyp at bilen atlandyrylmagy milli bitewüligimiziň, okgunly ösüşlerimiziň we ruhy gymmatlyklarymyzyň belent dabaralanmasydyr. Şoňa görä-de, şu ýylymyzyň ilkinji günlerinden başlap, bedew batly ösüşlerimiz has-da belende göterilýär.

Häzirki wagtda behişdi bedewleriň gadymy mekany bolan ata Watanymyzda atçylyk sportuny ösdürmäge uly üns berilýär. Ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän halkara ýaryşlar, at çapyşyklary we konkur oýunlary ahalteke bedewiniň dünýädäki abraýyny has-da belende göterýär. Şeýle rowaçlyklaryň iň belent derejesi bolsa meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlikleridir. Bu topar türkmen ýaşlarynyň edermenliginiň, atçylyk ukybynyň we bedewe bolan çäksiz söýgüsiniň anyk delilidir. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň türkmen bedewleri bilen ýerine ýetirýän täsin tilsimleri, her bir adamy haýrana goýýan çykyşlary taryh bilen şu günüň arasyndaky kämil sazlaşygyň beýanydyr.

Halkymyzyň behişdi bedewlere bolan hormat-sarpasyny atlar bilen bagly ynançlaryň mysalynda hem görmek bolýar. Halkymyzda bedewi göz degmeginden goramak üçin oňa alaja dakmak däbi häzirki günlerde hem saklanyp galypdyr. Şeýle hem öýde at saklamagyň şol ojaga rysgal-bereket we parahatçylyk getirýändigine ynanylypdyr. At halkymyzda döwletliligiň nyşanyna deňelip, bedewiň kişňemesi şowlulygyň, onuň batly çapmagy bolsa ýeňişleriň alamaty hasaplanypdyr.

Ýelden ýyndam bedewleriň hormatyna «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzyň her güni bedew bady bilen döwletli menzillere uzaýar. Bu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilmegi hem-de bu senäniň halkymyzyň «At — myrat» diýen halk pelsepesi bilen utgaşmagy döwletimiziň aýdyň geljegine bolan beýik ynamyň nyşanydyr. Bedewlerimiziň sarpasyny belentde tutýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Züleýha BABAJANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Fizika we informatika hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

tbilisi baydak THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Tbilisiniň teleýaýlym diňi Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy

cilim111 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Temmäkä garşy göreş – dünýäniň sagdynlygy

Soňkylar Makalalar

Mukaddes buýsanjymyz, beýik geljegimiz

14.09.2026
2026-njy ýylyň ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de şu ýyl eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly

«Bitarap, Garaşsyz topragyň nurdur»

14.09.2026
Türkmenistan 35 ýyl mundan ozal özüniň Garaşsyzlygyny yglan edip, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşyny saýlap aldy. Ýurdumyz şol taryhy wakadan soňra özygtyýarly hem-de

Garaşsyzlyk – nesilleriň we ösüşiň ak ýoly

14.09.2026
Hormatly Prezidentimiz: «Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr» diýip nygtaýar. Bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýady bolan Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra ýurdumyzyň ösüşleri nusgalyk
GitTop