Dark
Light
16.06.2026
ykdysady 2024 THE ASHGABAT TIMES

Şöhratly döwrüň beýik işleri

04.05.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir güni şanly wakalara, ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň keşbi günsaýyn özgerip, halkymyzyň ýaşaýyş derejesi ýokarlanýar. Şanly ýylyň ajaýyp bahary Watanymyzy galkyndyrmak ugrundaky giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilip, asylly işleriň rowaçlanýandygyny tassyklaýar.

«Gurýan döwlet gurpludyr» diýen jümle ösüşlere beslenýän zamanamyzyň belent hakykatyny beýan edýär. 8-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagy hem şanly ýylyň buýsançly wakalarynyň üstüni ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistany Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky möhüm ulag halkasyna öwürmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly şeýle taslamalaryň iň möhümleriniň biridir. Golaýda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen bu iri taslamanyň jemleýji tapgyry bolan Mary — Türkmenabat bölegi açylyp ulanmaga berildi.

Uglewodorod serişdeleriniň tassyklanylan gorlary babatda dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan tebigy serişdelerini yzygiderli özleşdirýär. Hormatly Prezidentimiziň «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna girişmek barada degişli resminama gol çekmegi bu ugurda diýseň ähmiýetli ädim boldy. 15 — 17-nji aprelde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dostlugyň we strategik hyzmatdaşlygyň täze wakalary bolup geçdi. Şol günlerde Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli wekiliýet ýurdumyzda saparda bolup, uly taslamalaryň, döwletli işleriň täze tapgyryna badalga berildi. 

Görnüşi ýaly, şeýle asylly işler döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeler bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny, ýurdumyzyň mümkinçilikleriniň her bir adamyň we bütin halkyň abadançylygyna gönükdirilýändigini aýan edýär.

Bäşim GURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

matemm THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Matematikany okatmagyň usulyýetiniň wezipeleri

unnamed THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hoşsözlülik – diplomatiýanyň ýumşak güýji

Soňkylar Makalalar

Ylmy özgertmeler – geljegiň bähbidine

13.06.2026
Jemgyýetiň ösüşi hem-de durmuş ulgamynyň özgermegi ylym-bilim bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we

Çaga – geljegiň şuglasy

11.06.2026
Çagalar nesil dowamaty bolup, döwleti gülletjek hem-de ösdürjek, ata-babalarymyzyň döreden gymmatlyklaryny indiki nesillere ýetirjek geljekki şahsyýetlerdir. Olara berlen iň oňat terbiýe peşgeşi, şeýle-de körpeleriň
GitTop