Dark
Light
12.06.2026
bmg diploma THE ASHGABAT TIMES

Täze Kararnama – türkmen diplomatiýasynyň halkara üstünligi

24.05.2026

Şu ýylyň 20-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen hödürlenen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň toýly günlerinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen täze Kararnamanyň kabul edilendigi baradaky hoş habar berkarar döwletimiziň halkara abraýyny ýene bir gezek belende göterdi.

Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydyr, parahatçylygy we ynanyşmagy rowaçlandyrmagyň möhüm şertidir» diýip belleýär. Şunda ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy parahatçylyk medeniýetini pugtalandyrmak, bu ugurda BMG-niň we beýleki guramalaryň tagallalaryny goldamak üçin aýratyn mümkinçiliklere eýedir. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsiniň bu Kararnamany goldamagy, köp sanly ýurtlaryň oňa awtordaş bolup çykyş etmegi biziň üçin uly abraýdyr.

Milletler Bileleşiginiň belent münberinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly resminamanyň kabul edilmegi dünýä bileleşiginiň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy goramagyň zerurdygyny tassyklap, bu maksada ýetmek üçin tagallalary birleşdirmäge çalyşýandygyny aýdyň görkezýär. Kararnamanyň şeýle giň goldawa eýe bolmagy Bitarap Türkmenistanyň strategik maksatlarynyň umumy bähbitlere we meýillere laýyk gelýändiginiň, ýurdumyzyň BMG-niň Tertipnamasyna, ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýandygynyň ýene-de bir güwäsi boldy.

BMG-niň Baş Assambleýasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys!

Gülşat GURBANGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

2026 05 23t12 11 58 959faf3d f4c1 45b2 828d 1e22dda88eca THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen-gazak parlamentara gatnaşyklary täze sepgitlere çykýar

19019e84 6d0f 445a a13f 990ad535eebb THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ilçi Gismat Gozalow Türkmenistanda “WUF13” çäresiniň ähmiýeti barada çykyş etdi

Soňkylar Makalalar

Zergärçilik sungatynda sagatlaryň çeper bezegi

08.06.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz goldawlary netijesinde türkmen amaly-haşam sungatynyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ylmy esasda öwrenmekde we

Mekdebe çenli döwürde

06.06.2026
Ynsan gurluşynyň, onuň dünýägaraşynyň we zehin binýadynyň iň çalt kemala gelýän döwri — mekdebe çenli ýaşdyr. Şonuň üçin hem bilim ulgamyndaky islendik özgertmäniň gözbaşy

Okgunly ösüşleriň binýady

06.06.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir güni şanly wakalara, ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýoluny mynasyp dowam etdirýän
GitTop