Dark
Light
17.06.2026
cilim111 THE ASHGABAT TIMES

Temmäkä garşy göreş – dünýäniň sagdynlygy

20.05.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Şu maksat bilen, ýurdumyzda adam saglygyna düýpli zyýan ýetirýän temmäki önümlerine garşy döwlet derejesinde barlyşyksyz göreş alnyp barylýar. Her ýylyň 31-nji maýynda Temmäkä garşy Bütindünýä göreş gününiň bellenilmegi möhüm ähmiýete eýedir. 

Temmäki zyýanly endik bolmak bilen birlikde, bütin adamzat saglygyna we dünýä ykdysadyýetine düýpli zeper ýetirýän meseleleriň biridir. Häzirki wagtda dünýäde saglyk bilen bagly gaýragoýulmasyz ýagdaýlaryň köpüsiniň başynda hut temmäki durýar. Bilşimiz ýaly, çilimiň düzümindäki nikotin güýçli öwrenişme döretse, onuň ýanan wagty bölünip çykýan 7000-den gowrak zäherli himiki madda adam bedenini içinden weýran edýär.

Lukmançylyk barlaglarynyň görkezişi ýaly, bu zäherli maddalar dem alyş ulgamyna ilkinji bolup zarba urýar we öýken ragyna, dowamly bronhite eltýär. Gan damarlaryny daraldyp, gan basyşyny ýokarlandyrýar we insult, infarkt töwekgelçiligini birnäçe esse artdyrýar. Mutagen täsiri netijesinde diňe bir öýkende däl, eýsem, agyz boşlugynda, bokurdakda we beýleki agzalarda hem onkologik keselleriň döremegine sebäp bolýar. Maglumatlara görä, temmäki ulanmaýan adamyň ýürek-damar keselleri bilen kesellemek ähtimallygy temmäkiçi adama garanyňda 50 göterim pesdir.

Şol sebäpli hem, ýaramaz endiklerden daşda durup, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak sagdyn jemgyýeti gurmaga hem uly ýardam edýär. Halkymyzyň sagdynlygy, ýaş nesillerimiziň abadan we röwşen geljegi ugrunda şeýle beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent maksatlarynyň elmydama rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris! Geliň, sagdyn durmuş ýörelgesine berke eýerip, röwşen geljege tarap bilelikde ynamly gadam uralyň!

Gülşat HAKYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

emblema 2026 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Şanly ýylyň şygary – ýürekleriň kelamy

xfrolje0uxtxmp0wn6a3qwqr4mq9uq 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi

Soňkylar Makalalar

Ylmy özgertmeler – geljegiň bähbidine

13.06.2026
Jemgyýetiň ösüşi hem-de durmuş ulgamynyň özgermegi ylym-bilim bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we

Çaga – geljegiň şuglasy

11.06.2026
Çagalar nesil dowamaty bolup, döwleti gülletjek hem-de ösdürjek, ata-babalarymyzyň döreden gymmatlyklaryny indiki nesillere ýetirjek geljekki şahsyýetlerdir. Olara berlen iň oňat terbiýe peşgeşi, şeýle-de körpeleriň
GitTop